Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dagystanda bomba partlamasy boldy


Orsýetiň Dagystan respublikasynda bolan bomba partlamalarynda azyndan ýedi adamyň ýaralanandygy barada habar berildi. Iki partlama anna güni Mahaçkala şäherinde boldy.

Dagystanyň Içeri işler ministrliginiň maglumatyna görä, bäş adam “Golden Empire” atly restoranyň ikinji gatynda bolan bomba partlamasynda ýaralanypdyr. Bu ýere polisiýanyň gelmeginden soň, köçede awtoulagda goýlan bomba partlamasy bolup, iki polisiýa işgärini ýaralapdyr.

Demirgazyk Kawkaz Orsýetiň zorlukly wakalaryň köp ýüze çykýan regiony bolmagyna galýar. Guramaçylykly jenaýat toparlary we yslamçy söweşijiler bilen bagly partlamalar we ok atyşyklar köplenç polisiýa, sudýalara we ýerli resmilere gönükdirilýär. Yslamçy söweşijiler Orsýetiň günortasynda yslam döwletini döretmek maksady ugrunda göreşýändigini aýdýarlar.

Orsýetiň häkimiýetleri Mahaçkalada ýörite operasiýa geçirilip, yslam söweşijileri bolmakda güman edilýän ýedi adamyň öldürilendigini şenbe güni habar berdiler.
XS
SM
MD
LG