Sepleriň elýeterliligi

Putin: Çagalary öz erkine goýuň


Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin anna güni eden çykyşynda gomoseksuallar Gyşky olimpiýa oýunlarynda özlerini “erkin” we “rahat” duýup bilerler diýdi, emma “çagalary öz erkine goýmagy” sorady.

Putin Soçide olimpiada meýletinçileri bilen geçiren duşuşygynda Orsýetde “adamlaryň arasynda adaty bolmadyk seksual gatnaşyklaryň” gadagan edilmeýändigini, emma “gomoseksual propagandasynyň” we pedofiliýanyň ýagny çagalar bilen jynsy gatnaşygyň gadagandygyny nygtady.

Putin Orsýetiň köp ýurtlardan, şol sanda ABŞ-dan has erkindigini aýtdy we ABŞ-nyň “käbir ştatlarynda adaty bolmadyk seksual gatnaşyklaryň jenaýat hasap edilýändigini” belledi.

Putin geçen ýylyň iýun aýynda gomoseksuallygyň propagandasyny gadagan edýän kanuna gol çekdi, munuň yzýany Orsýet halkara derejesinde tankyt edildi. Käbir aktiwistler bu kanuna protest hökmünde 6-23-nji fewral günlerinde Soçide boljak Olimpiýa oýunlaryny boýkot etmäge çagyrdylar.
XS
SM
MD
LG