Sepleriň elýeterliligi

Kabulda daşary ýurtlylar wepat boldy


Polisiýa restorana edilen hüjümde ýaralanan adamlary halas edýär, 17-nji ýanwar, 2014.

Polisiýa restorana edilen hüjümde ýaralanan adamlary halas edýär, 17-nji ýanwar, 2014.

Owgan resmileri anna güni Kabulda restorana edilen hüjüm zerarly heläk bolanlaryň sanynyň 21 adama ýetendigini habar berdiler.

Bu barada Kabulyň polisiýasynyň metbugat-wekili Haşmatullah Stankizai AÝ/AR-nyň owgan gullugyna aýtdy: “Bu hüjümde jemi 21 adam heläk boldy. Olardan 13 adam daşary ýurtly we sekiz adam owgan raýaty. Iki adam ýaralandy, olar keselhana äkidildi”.

Polisiýanyň aýtmagyna görä, helak bolanlaryň arasynda Halkara walýuta fondunyň Owganystandaky wekilleri we BMG-niň işgärleri bolupdyr.

BMG-niň Owganystandaky metbugat-wekili Ari Gaitani bolan wakany tassyklady: “Biz örän erbet täsiriň astynda, biz örän gynanýarys we bu BMG-niň Owganystandaky edarasy üçin örän agyr gün. Biz bu hüjümde BMG-niň dört agzasyny ýitirdik. Siz işgärlere ýetirilen täsiri göz öňüne getirip görüň. Şol bir wagtyň özünde-de biz bu wakany berk ýazgarýarys. Parahat adamlara garşy gönükdirilen şeýle hüjümler ýol berilmesiz bir ýagdaýdyr we biz munuň derhal bes edilmegini talap edýäris. Bu halkara gumanitar kanunlarynyň gödek bozulmagydyr”.

Kabulyň merkezindäki Wazir Akbar Han etrabynda ýerleşýän “Tawerna” atly restorana edilen hüjümiň jogapkärçiligini “Talyban” hereketi öz üstüne aldy.

Restorana edilen hüjüm

Owgan polisiýasy janyndan geçen hüjümçiniň restoranyň girelgesinde özüni partladandygyny iki sany ýaragly adamyň bolsa içeri girip nahar iýýän adamlary oka tutandygyny habar berdi.

Özüni Suliman diýip tanadan adam bolan waka barada Reuters agentligine şeýle gürrüň berdi: “Men aşhanada bolanymda daşarda partlamalaryň bolandygyny eşitdik. Biz gaçdyk, hemme gaçdy. Soň men jaýyň depesine çykdym we iki-üç sagadyň dowamynda şol ýerde boldum. Polisiýa gelensoň meni aşak düşürdi”.

Heläk bolan daşary ýurtlylar

ABŞ-nyň Kabuldaky ilçihanasy hüjüm zerarly heläk bolan daşary ýurtlylaryň arasynda azyndan iki adamyň ABŞ-nyň raýaty bolandygyny tassyklady.

Şeýle-de heläk bolanlaryň arasynda iki britan raýatynyň, iki kanadalynyň we restoranyň liwanly eýesiniň bolandygy barada habar berildi. Halkara walýuta fondunyň heläk bolan işgärleriniň biri hem liwanly, diýip aýdyldy. Habar berilişine görä, Ýewropanyň Owganystandaky polisiýa missiýasynyň daniýaly bir agzasy hem wepat bolupdyr.

Orsýetiň Daşary işler ministrligi hüjümde heläk bolanlaryň biriniň orsýet raýatydygyny tassyklady.

Resmi reaksiýa

BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-Moon bu hüjümi ýazgaryp çykyş etdi we parahat raýatlara edilen bu hüjümi “halkara gumanitar kanunlarynyň ýol berilmesiz basgylanmagy” diýip atlandyrdy.

ABŞ-nyň Owganystandaky ilçisi James Kunningham bu hüjümi “aýyply hereket” diýip atlandyrdy.

“Talybanyň” metbugat wekili bu hüjümiň şu hepdede Parwan welaýatynda howadan edilen hüjümde parahat ýaşaýjylaryň ölümi üçin ar alyşdygyny Twitter arkaly mälim etdi.
XS
SM
MD
LG