Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tebigy gazdan tygşytly peýdalanmak ündelýär


Prezident G.Berdimuhamedow hökümet maslahatynda, Aşgabat
Prezident G.Berdimuhamedow hökümet maslahatynda, Aşgabat
17-nji ýanwarda geçirilen hökümet maslahatynda seredilen temalaryň biri tebigy gazdan tygşytly peýdalanmak meselesi boldy. Prezident G.Berdimuhamedow bu ugurdan amala aşyrylýan çäreleriň ähmiýetini habar beriş serişdeleri arkaly ilata ýetirmegiň zerurdygyny aýtdy.

Tebigy gazdan tygşytly peýdalanmak temasyndan telewideniýede görkezmek üçin gepleşikleriň we metbugatda çap etmek üçin makalalaryň taýýarlanmagy barada wise-premýerler B.Hojamuhammedowa we B.Nurmyradowa tabşyrylandygy barada resmi maglumatlarda aýdyldy.

Gazy tygşytly ulanmak

Türkmenistanyň prezidenti gazyň harçlanmagyny hasaba alýan gurallaryň tebigy gazy tygşytly peýdalanmaga mümkinçilik berýändigini, şol bir wagtda-da gazyň kesgitlenen derejeden köp harçlanmagynyň ilat üçin, her bir maşgala üçin kynçylyk döretmejegini adamlara düşündirmegiň zerurdygyny belledi. Şeýle-de G.Berdimuhamedow döwletiň ilaty “sosial taýdan goldamak syýasatyny mydama dowam etdirjegini” aýtdy.

Şeýle-de hökümet maslahatynda Türkmenistanyň uglewodorod resurslaryndan netijeli ulanylmagyna energiýa pudagynda halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmeginiň hem ýardam berip biljekdigi aýdyldy.

“MasterCard” hem “Visa”

Anna günki hökümet maslahatynda Türkmenistanyň bank sistemasynda amala aşyrylýan işler barada habar berildi.

Hökümet baştutanynyň orunbasary A.Goçyýew şu günki gün Türkmenistanda “Visa” halkara töleg sistemasynyň hyzmatyndan Daşary ykdysady işler boýunça döwlet bankynyň 7000-den gowrak müşderisiniň peýdalanýandygy barada habar berdi. Goçyýewiň sözlerine görä, bu sistema ýurtda 1994-nji ýyldan bäri işleýän eken. Agzalan bankyň indi “MasterCard” sistemasyny ornaşdyrmagy üçin onuň “MasterCard” kompaniýasy bilen şertnama baglaşmagyna prezident G.Berdimuhamedow tarapyndan resmi rugsat berildi.

Türkmenistanyň prezidenti “MasterCard” halkara hasaplaşyk sistemasynyň ornaşdyrylmagynyň, hususan-da, 2017-nji ýylda Türkmenistanda geçiriljek Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek we olary geçirmek üçin milli banklaryň tejribe toplamagyna ýardam berjegini aýtdy. Berdimuhamedow Türkmenistanyň ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň okuw planyna halkara töleg sistemasyny çüňňur öwrenmek boýunça sapagy girizmegiň zerurdygyny hem belledi.

Sport we medeniýet

Hökümet maslahatynda köpçülikleýin bedenterbiýe çärelerine hem üns berilip, saglyk hem bagtyýarlyk hepdeliginiň formatyny giňeltmek kararyna gelindi.

Prezidentiň gol çeken permanyna laýyklykda, şu sapar “sporty we ilatyň saglygyny berkitmek” boýunça çäreler 1-30-njy aprel aralygynda bir aýyň dowamynda tutuş ýurt boýunça geçiriler. Resmi maglumatlara görä, bu çäreleriň ýerine ýetirilmegine Sport we syýahatçylyk boýunça döwlet komiteti, Saglygy saklaýyş we medisina senagaty ministrligi, Bilim we Medeniýet ministrlikleri we ýene ençeme döwlet edaralary, şol sanda häkimlikler hem jemgyýetçilik guramalary gatnaşarlar.

Berdimuhamedow bu çäreler “adamyň fiziki we ruhy taýdan ählitaraplaýyn güýçlenmegine, saglygy berkitmek üçin öňyn şertleriň döredilmegine, adamlaryň zähmet aktiwligine we uzak ýaşamagyna gönükdirilýär”, diýip belledi.

Türkmenistanyň hökümetiniň anna güni geçiren maslahatynda ýurtda medeniýet we habar beriş serişdelerine degişli edaralaryň işlerini aktiwleşdirmek we muňa mazmundyr-döredijilik taýdan düýpli many bermek üçin yzygiderli çäreleri amala aşyrmak tabşyrygy hem öňe sürüldi.
XS
SM
MD
LG