Sepleriň elýeterliligi

Ýemende eýranly diplomat öldürildi


Ýemeniň paýtagty Sanaada näbelli adamlaryň tüpeňlemegi netijesinde bir eýranly diplomat öldürildi.

Ali Aşgar Assadi diýlip tanadylan diplomat şenbe güni irden Eýran ilçihanasynyň ýaşaýyş jaýynda geçip barýan ulagly adamyň atan okundan ýaralandy.

Ol biraz soň hassahanada aradan çykdy. Hassahana resmileri diplomatyň egninden, garnyndan we guşaklygyndan ýaralanandygyny aýtdylar.

Başga bir eýranly diplomat, Nur-Ahmad Nikbaht bolsa Sanaada iýul aýynda alnyp gaçylypdy. Ol häzirem ýesirlikde saklanýar. Ol «Al-Kaýda» jeňçileri tarapyndan saklanýandyr öýdülýär.
XS
SM
MD
LG