Sepleriň elýeterliligi

Ak tam Kabul hüjümini ýazgaýar


Ak tam «Talybanyň» Kabul restoranyna eden ganly hüjümini ýazgaryp, owganlaryň gelejeginiň gowulanmagyna kömek etmek üçin işleýän adamlaryň öldürilmeginiň «aklap bolmajak» zat bolandygyny aýtdy.

Şenbe güni ýaýradylan beýanatda Ak tam «Talybanyň» ýaragyny taşlap, owgan hökümeti bilen parahatçylyk gepleşiklerine başlamagy baradaky çagyryşyny gaýtalady.

Anna güni edilen hüjümde 21 adam öldürildi. Owgan resmileri öldürilenleriň arasynda Halkara pul fondunyň Owganystandaky wekiliniň we BMG-niň dört işgäriniň hem bolandygyny aýtdylar.

Owgan polisiýasy janyndan geçen bombaçynyň paýtagtyň merkezindäki Wazir Akbar han etrabynda ýerleşýän restoranyň girelgesinde özüni ýarandygyny aýtdy.

Bu etrap daşary ýurt ilçihanalarynyň we biznes edaralarynyň köpüsiniň ýerleşýän ýeridir. Partlamadan soň iki sany ýaragly adam restorandakylary oka tutupdyr.
XS
SM
MD
LG