Sepleriň elýeterliligi

Türkiýe: Oppozision kandidatyň emlägi doňduryldy


Türkiýäniň bank häkimiýetleri Stambulyň häkimligine oppozisiýa kandidaty bolan Mustafa Sarygüle degişli aktiwleri tussag etdi.

Tygşytlanan pullaryň ätiýaçlandyryş fondy anna güni Sarygülüň we onuň sekiz iş şäriginiň 1998-nji ýylda alan 3.5 million dollar karzyny yzyna gaýtarmandygyny we şunuň netijesinde olara degişli emläkleriň saklanylýandygyny aýtdy.

Martda geçmeli saýlawlara gatnaşmagy niýet edinýän Sarygül Respublikan Halk partiýasynyň kandidaty bolup, dolandyryjy Adalat we Galkynyş partiýasynyň iş başyndaky şäher häkimi Kadi Topbasa garşy esasy bäsdeş hasaplanýar.

Ol emläkleriň tussag edilmegini syýasy «prowakasiýa» diýip häsiýetlendirdi.

Bu waka ýokary derejeli resmileriň barha giňeýän korrupsiýa derňewi netijesinde premýer-ministr Rejep Taýyp Erdoganyň dekabrda 10 sany ministrini täzelemäge mejbur bolmagynyň ýaz ýanyna gabat gelýär.
XS
SM
MD
LG