Sepleriň elýeterliligi

Ukrain oppozisiýasy protest geçirmekçi


Ukrain oppozisiýasy ýekşenbe güni Kiýewde uly ýygnaşyk geçirmekçi bolýar.

Planlaşdyrylýan demonstrasiýa perzident Wiktor Ýanukowiçiň jemgyýetçilik protestlerini çäklendirmek baradaky täze kanuna gol çeken wagtynyň yz ýanyna gabat gelýär.

Täze kanun taslamasy penşenbe güni parlamentden gyssagly ýagdaýda geçirildi.
Birleşen Ştatlar we Ýewropa Bileleşigi bu görlen täze çäreleriň demokratiýa ters gelýändigini aýtdylar.

Ukrainanyň oppozisiýasy Ýanukowiçi «diktatura» gurmak synanyşygynda aýyplaýarlar. Ýanukowiç noýabr aýynda ÝW bilen ylalaşyga gol çekmekden ýüz öwrenden soň ýurtda 2004-nji ýyldaky «Mämişi rewolýusiýadan» bäri iň uly demonstrasiýalar guralyp, dartgynlylyk ýokary galdy.

Ýanukowiç Kremliň basyşy esasynda ugruny üýtgedendir öýdülýär, şondan soň Moskwa Kiýewe maliýe kömegini we arzan gaz berjegini aýdypdy.
XS
SM
MD
LG