Sepleriň elýeterliligi

Siriýa: oppozisiýa gepleşiklere gatnaşar


Siriýanyň bosgunlykdaky oppozisiýa bileleşigi, Milli koalisiýa geljek hepde Başar al-Assadyň hökümeti bilen geçirilmeli parahatçylyk gepleşiklerine gatnaşmaklygyň haýryna ses berdi.

Koalisiýanyň metbugat edarasy şenbe güni 73 wekiliň 58-siniň gepleşige gatnaşmagyň tarapynda bolandygyny aýtdy. Siriýanyň hökümeti Şweýsariýadaky gepleşiklere gatnaşjakdygyny bireýýäm aýtdy.

Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Jon Kerri anna güni siriýa oppozisiýasyny birinji gezek geçiriljek bolýan göni gepleşiklere gatnaşyp, üç ýyla golaýlan we 100 müňden gowrak adamy öldüren ganly konflikti soňlamaga çagyrdy.

Siriýanyň daşary işler ministri Walid al-Muallem anna güni Moskwa sapary mahalynda özüniň Aleppoda, hökümet güýçleri bilen pitneçileriň bir ýyl bäri uruşýan ýerinde baglaşylmaly ýaraşygyň planyny rus resmilerine gowşurandygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG