Sepleriň elýeterliligi

Kiýew: Protestçiler polisiýa bilen çaknyşdy


Kiýewdäki halk ýygnanyşygy, 19-njy ýanwar, 2014.

Kiýewdäki halk ýygnanyşygy, 19-njy ýanwar, 2014.

Ýüzlerçe protestçi ukrain paýtagty Kiýewde pitnä garşy polisiýa bilen çaknyşdy. Polisiýa protestçileriň parlament binasyna tarap süýşmeginiň öňüni aldy.

Bu binanyň öňi polisiýa esgerleriniň hatarlary we awtobuslar tarapyndan baglanypdy. Biraz öň on müňlerçe adam proteste garşy kanuna protest üçin garaşsyzlyk meýdanyna ýygnanypdy.

Bu demonstrasiýa perzident Wiktor Ýanukowiçiň jemgyýetçilik protestlerini çäklendirmek baradaky täze kanuna gol çeken wagtynyň yz ýanyna gabat gelýär.

Habarlarda meýdança ýüz müňden gowrak adamyň toplanandygy we adamlaryň gelmekleriniň dowam edýändigi aýdyldy.

Wideo: Protestçiler polisiýa bilen çaknyşdy



"Protestler zorluksyz bolmaly"

"Biz öz arzuw-isleglerimiziň durmuşa geçmegini diňe protestleriň zorluksyz geçirilmegi üpjün edir biler diýip ynanýarys" diýip, ýüzlenmäniň awtorlary belleýärler.

Ukrainadaky protestleriň çäklendirilmegini öňe sürýän täze kanunyň taslamasy penşenbe güni parlamentden gyssagly ýagdaýda geçirildi. Bu kanun esasynda köpçüliklikleýin ýagdaýda jemygetçilik tertip-düzgünini bozmakda günäli tapylanlara 15 ýyla çenli türme tussaglygy göz öňünde tutulýar.

Mundan başga, täze kanun, Orsýetde bolşy ýaly, eger hökümetden aýry guramalar daşary ýurtlardan maliýe kömegini alsalar, olaryň «daşary ýurt agentleri» diýlip hasaba alynmagyny talap edýär.

Birleşen Ştatlar we Ýewropa Bileleşigi bu görlen kanunçylyk çäreleriniň demokratiýa ters gelýändigini aýtdylar.

Ukrainanyň oppozisiýasy Ýanukowiçi «diktatura» gurmak synanyşygynda aýyplaýar.

Analiktikler bu protestleriň Ýanukowiçiň häkimiýetini gowşadana çalym etmeýändigini aýdýarlar.

Häkimiýetdäki dartgynlylyk

Emma Ýanukowiçiň anna güni agşam öz diwanynyň başlygyny işden aýyrmagy, analatikleriň aýtmaklaryna görä, ukrain lideriniň ýakyn töwereginde hem dartgynlyklaryň güýçlenýändigini görkezýär.

Prezidentiň edarasy Serhiý Liowoçkiniň işden boşadylmagynyň sebäbini aýtmady. Liowoçkiniň baryp geçen noýabrda, pitnä garşy polisiýa student protestlerini gazaply dargydanda işden çekilmekçi bolandygy habar berlipdi.

Ýanukowiç noýabr aýynda ÝW bilen ylalaşyga gol çekmekden ýüz öwrenden soň ýurtda 2004-nji ýyldaky «Mämişi rewolýusiýadan» bäri iň uly demonstrasiýalar guralyp, dartgynlylyk ýokary galdy.

Ýanukowiç Kremliň basyşy esasynda ugruny üýtgedendir öýdülýär, sebäbi şondan soň Moskwa Kiýewe maliýe kömegini we arzan gaz berjegini aýtdy.
XS
SM
MD
LG