Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bugaýew: 'Prezidentiň tankydyna gulak asylmaýar'


Türkmen hökümetiniň maslahatyndan bir pursat. Aşgabat, 2-nji noýabr, 2012.
Türkmen hökümetiniň maslahatyndan bir pursat. Aşgabat, 2-nji noýabr, 2012.
Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki metbugaty hökümet maslahatynda, prezident derejesinde edilýän tankydy bellikler, ol ýa-da beýleki pudagyň degişli ýolbaşçylaryna goýberilen kemçilikleri gysga wagtda düzetmek barada berilýän tabşyryklar, käýinçler barada öz wagtynda habar berýär.

Emma metbugat, näme üçindir, soňra prezident tarapyndan tankyt edilen pudakda işleriň barşy hakynda töwerekleýin maglumat bermekden, bu ugurdaky işleri düzetmek bilen bagly meseleler barada söhbetdeşlikleri, derňew materiallaryny taýýarlamakdan köplenç saklanýar diýip, synçylar aýdýar.

"Tersine, käte prezident tarapyndan tankytlanan pudagyň resmi metbugatda öwülýän, mahabatlandyrylýan pursatlary hem bolýar" diýip, ýerli synçy Amanmyrat Bugaew Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Golaýda bu ýagdaý prezidentiň bilim pudagy, mugallym kadrlary barada eden tankydy belliklerinden soň hem gaýtalandy diýip, ýerli synçy habar berdi.

Azatlyk Radiosy bu barada publisist ýazyjy A.Bugaýew bilen söhbetdeş boldy.

Bu söhbeti diňläp, prezident derejesindäki tankydyň näme üçin diňlenmeýändigi barada öz pikiriňizi ýazsaňyz, hoşal bolarys.

XS
SM
MD
LG