Sepleriň elýeterliligi

Ukraina: Proteste garşy kanuna protest


Onlarça müň adam Ukrainanyň paýtagty Kiýewde protest geçirmäge garşy kabul edilen täze kanuna garşy proteste toplandy.

Ýekşenbe güni geçirilýän uly demonstrasiýa prezident Wiktor Ýanukowiçiň geçen hepde jemgyýetçilik protestlerini çäklendirmek barada gol çeken täze kanunynyň yz ýanyna gabat gelýär.

Birleşen Ştatlar we Ýewropa Bileleşigi bu kanuny «anti-demokratik» kanun diýip atlandyrdy. Ukrain oppozisiýasy Ýanukowiçi ýurtda «diktuturany» berkarar etmek synanyşygynda aýyplaýar.

Protestçileriň köpüsi kellelerine piti geýip çyksa, beýleki bir topary ýüzleri perdeli çykdy. Sebäbi täze kanunda demonstrasiýaçylaryň ýüzlerini örtmegi gadagan edilýärdi.

Ukrainanyň oppozisiýa lideri Witaliý Kliçko Kiýewiň merkezindäki ýygnanyşykda çykyp gürläp, «biz bu gün möhüm kararlary kabul ederis» diýdi.

Ol hususan-da 16-njy ýanwarda parlamentiň Regionlar partiýasy tarapyndan kabul edilen kanunyň bikanun diýlip yglan ediljegini, irki prezident saýlawlaryny geçirmek baradaky meseläniň sese goýuljagyny, şeýle-de, bu saýlaw adalatly geçer ýaly, Merkezi saýlaw komissiýasynyň işgärleriniň çalşylmalydygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG