Sepleriň elýeterliligi

Azatlyk TW

Ilkinji hokkeý çempionaty


19-njy ýanwarda Türkmenistanda ýurduň ilkinji hokkeý çempionaty tamamlandy. Ýekşenbe güni Türkmenistanyň haryt we çig-mal biržasynyň “Şir” we sport mekdebiniň “Bagtyýarlyk”(wideoda ýaşyl egin-eşikde) komandalary duşuşdylar. Bu duşuşykda "Şir" komandasy 16-4 hasap bilen öz garşydaşlaryny ýeňdi. Ilkinji gezek geçirilen hokkeý çempionatynda 8 komanda gatnaşyp birinji orny Içeri işler ministrliginiň Galkan komandasy eýeledi. Ikinji orny Içeri işler ministrliginiň institutynyň “Nesil” komandasy we üçünji orny Türkmenistanyň haryt we çig-mal biržasynyň komandasy “Şir” eýeledi.

XS
SM
MD
LG