Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina: Ýanukowiç oppozisiýa bilen gepleşjek diýýär


Protestçi otlanan polisiýa awtobusynyň öňünde dur. Kiýew, 20-nji ýanwar, 2014.
Protestçi otlanan polisiýa awtobusynyň öňünde dur. Kiýew, 20-nji ýanwar, 2014.
Ukrainanyň prezidenti Wiktor Ýanukowiç Kiýewde hökümete garşy protestçiler bilen pitnä garşy polisiýanyň arasynda bolan çaknyşyklardan soň oppozisiýa bilen gepleşiklere razy boldy.

Ýanukowiç bu mesele boýunça ýörite bir komitet döredendigini, oňa milli howpsuzlyk geňeşiniň başlygy Andriý Klýuewiň ýolbaşçylyk edýändigini we olaryň duşenbe güni bu krizise çözgüt tapmak barada maslahatlaşmak üçin oppozisiýa wekilleri bilen duşuşjakdygyny aýtdy.

Ýekşenbe güni hökümete garşy protestçiler howpsuzlyk güýçleri bilen darkaşa girdiler we bular Ýanukowiçiň hökümetine garşy iki aý ozal başlanan protestleriň çägindäki iň erbet çaknyşyklar hökmünde häsiýetlendirildi.

Protestçiler bilen pitnä garşy polisiýanyň arasynda onda-munda döreýän çaknyşyklar gijesi bilen dowam etdi we onlarça protestçi merkezi Kiýewiň köçelerinden duşenbe güni hem ýygnanmady.

200-den gowrak adam ýaralandy

Çaknyşyklarda 200-den gowrak adam ýaralandy we olaryň ýarysyna golaýynyň protestçilerdigi aýdylýar. Şäheriň saglyk resmileri 103 protestçiniň düşen ýaralary sebäpli bejergi alandygyny, olaryň 42-siniň hassahanalara ýerleşdirilendigini aýtdylar. Içeri işler ministrligi bolsa 100 çemesi polisiýa ofiseriniň ýaralanandygyny, olaryň 61-siniň hassahana ýerleşdirilendigini aýtdy.

Içeri işler ministrligi 20-den gowrak adamyň tussag edilendigini aýtdy. Azatlyk radiosynyň Ukrain gullugy özüniň iki habarçysynyň tussag edilendigini aýdýar.

Ýekşenbe güni irden onlarça müň adam Kiýewiň Garaşsyzlyk meýdançasyna toplanyp, protestlere garşy kabul edilen berk kanuna garşy protest bildirdi.

Hökümete garşy protestler Ýanukowiçiň noýabr aýynda birden Ýewropa Bileleşigi bilen baglaşylmaly ugur kesgitleýji şertnamadan ýüz öwürmegi sebäpli döredi. Bu şertnamanyň baglaşylmagyna köpden bäri garaşylýardy.

Protestçileriň talaby

Şondan bäri Garaşsyzlyk meýdançasynda mesgen tutan ÝB-ä tarapdar protestçiler Ýanukowiçiň iş başyndan çekilmegini talap edýärler.

Oppozisiýa lideri Witaliý Kliçko Ýanukowiç bilen onuň Kiýewiň daşyndaky jaýynda duşuşanyndan soň, oppozisiýa Ýanukowiçiň gepleşik geçirmegi teklip edendigini tassyklady.

Oppozisiýa lideri Arseniý Ýatsenýuk protestçilere özleriniň näme talap etjegini gürrüň berdi:

"Birnäçe minut öň prezident Wiktor Ýanukowiç maňa telefon etdi. Olar özleriniň gepleşik prosesine başlamak isleýändiklerini yglan edýärler. Bu gepleşiklere Milli howpsuzlyk we goranmak geňeşiniň sekretary Andriý Klýuew jogapkär. Men size öz şahsy garaýşymy aýdyp biljek, birinjiden - gepleşikler üçin mandat diňe Maýdanyň, protestler guramasynyň mandaty, ikinjiden - görnetin açyk gepleşikler bolmaly, üçünjiden – gepleşik biziň talaplarymyzyň berjaý edilmegi."

Çaknyşykalara kim günäkär?

Ukrain mediasy duşenbe güni ýekşenbe güni polisiýa bilen bolan çaknyşyklaryň arkasynda radikal sag-ganat ýaşlar toparynyň bolandygyny aýtdy. Şonda ýüzlerçe demonstrasiýaçy polisiýanyň awtobuslaryny we beýleki ulaglary oda berip, parlament binasynyň ýanyndaky polisiýa böwedini böwüsmäge synanypdy. Polisiýa olara göz ýaşardyjy gaz we suw toplary bilen jogap gaýtardy.

Birleşen Ştatlar bu zorluklary soňlamaga çagyrdy. ABŞ-nyň Milli howpsuzlyk geňeşiniň sözçüsi Kaitlin Heýden ýekşenbe güni Ukrainany golaýda protestleri çäklendirmek barada kabul eden kanunyny ýatyrmaga, Kiýewiň merkezindäki polisiýa güýçlerini aýyrmaga we oppozisiýa bilen gepleşiklere başlamaga çagyrdy.

Çözgüt umydy

Ýewropa Bileleşigi hem zorlukly hereketleri ýazgaryp çykyş etdi. ÝB-niň daşary syýasat başlygy Ketrin Aşton duşenbe güni teklip edilen gepleşikleriň syýasy krizisi çözmäge tarap ädilen ädim boljagyna umyt bildirdi.

"Men soňky birnäçe gunde Ukrainadaky wakalary ýakyndan synlaýaryn. Men [ukrian] prezidenti [Wiktor] Ýanukowiç şu gün oppozisiýa liderleri bilen gepleşer öýdýärin. Men bu öňe tarap atylan oňyn ümzük diýip umyt edýärin."

Şwesiýanyň daşary işler ministri Karl Bildt teklip edilen gepleşikleri gutlady, emma ol ýerde çözgüt diňe repressiýa režimi bolmadyk ýagdaýynda mümkin diýdi.

ÝB-niň daşary işler ministrleri Ukrainadaky ýagdaý barada duşenbe güni Brýusselde maslahat ederler.
XS
SM
MD
LG