Sepleriň elýeterliligi

Ýanukowiç oppozisiýa bilen gürleşer


Ukrainanyň prezidenti Wiktor Ýanukowiç Kiýewde hökümete garşy protestçiler bilen polisiýanyň arasynda bolan ýowuz çaknyşyklardan soň, ýurduň oppozisiýasy bilen gepleşikleri geçirmegi kabul etdi.
Ýanukowiç duşenbe güni oppozisiýanyň wekilleri bilen duşuşmagy üçin ýörite komissiýa döredendigini aýtdy. Bu duşuşykda ýurtdaky krizise çözgüt tapmagyň ýollary barada gepleşikler geçiriler.
Ýekşenbe güni hökümete garşy protestçiler ýurduň howpsuzlyk güýçleri bilen çaknyşypdylar. Bu çaknyşyk mundan iki aý ozal Ýanukowiçiň hökümetine garşy başlan protestleriň iň ýowuzy diýlip häsiýetlendirildi. Wagtal-wagtal çaknyşyklar duşenbe güni gijäň ýaryna çenli dowam etdi.
Içeri işler ministrliginiň berýän maglumatyna görä, çaknyşyklarda 70-den gowrak howpsuzlyk resmisi ýaralanypdyr we takmynan 10 protestçi tussag edilipdir.
Ýekşenbe güni on müňlerçe adam ýurtda protest geçirmäge garşy kabul edilen täze kanun taslama garşy Kiýewiň Garaşsyzlyk meýdançasynda ýöriş geçirdi.
XS
SM
MD
LG