Sepleriň elýeterliligi

Siriýa: Ban Eýrany gepleşiklere çagyrdy


Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Ban Ki-Mun Eýrany Siriýanyň deslapky parahatçylyk gepleşiklerine gatnaşmaga çagyrandygyny aýtdy. Bu gepleşikler çarşenbe güni Şweýsariýanyň Montre şäherinde geçiriler.

Banyň sözlerine görä, Tähran gepleşiklere gatnaşmaga çagyrylsa, özüniň “oňyn we konstruktiw rol” oýnajakdygyna söz beripdir.

Ýöne Siriýanyň sürgünlikdäki esasy oppozision toparynyň metbugat wekili Ban çakylygyny yzyna alýança, Siriýanyň milli koalisiýasy gepleşikleri geçirmez diýdi.

Amerikanyň Bileşen Ştatlarynyň Döwlet departamentiniň metbugat wekili Jen Psaki Eýran öňki geçirilen parahatçylyk konferensiýasynyň düzgünlerini doly kabul etmese, çakylyk goýbolsun edilip bilner diýdi.

Ban öz çykyşynda Eýranyň şol düzgünleri goldamagy kabul edendigini aýdypdy.
XS
SM
MD
LG