Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran: Ýadro ylalaşygy durmuşa geçirilýär


Eýran urany baýlaşdyrmagy soňa goýmak baradaky halkara ylalaşygyň şertlerini durmuşa geçirip başlady. Bu barada Eýranyň döwlet telewideniýesi habar berýär.

Ýurduň döwlet telewideniýesiniň berýän maglumatyna görä, Natanz we Fordow ýadro desgasynyň işi duşenbe güni togtadylypdyr we bu prosese syn etmek üçin Halkara Atom Energiýa gullugynyň inspektorlary hem gürrüňi gidýän çärä gatnaşypdyrlar.

Günbataryň habar beriş serişdeleriniň berýän maglumatyna görä, HAEG-nyň raportynda Eýranyň ylalaşygy durmuşa geçirip başlandygy tassyklanylýar.

Eýran 24-nji noýabrda Ženewada geçirilen konferensiýada P5+1 diýip atlandyrylýan ýurtlar, ýagny Beýik Britaniýa, Hytaý, Fransiýa, Germaniýa, Russiýa we Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen gürrüňi edilýän ylalaşygy baglaşypdy.

Ylalaşyga laýyklykda, Eýran urany baýlaşdyrmak baradaky programmasyny çäklendirmeli. Muňa derek Eýrana garşy girizilen halkara sanksiýalaryň käbirleri wagtlaýyn ýeňilleşdiriler.
XS
SM
MD
LG