Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistanda partlama boldy


Pakistanyň Rawalpindi şäherinde bomba partladyldy. Ýurduň polisiýasynyň berýän maglumatyna görä, bu partlamada dört sany adam öldi we başga-da 15 sanysy ýaralandy.
Häzirki wagt polisiýa partlamanyň janyndan geçeniň hüjümi esasynda amala aşyrylyp-aşyrylmandygyny derňeýär.
Rawalpindi şäheri Yslamabadyň golaýynda ýerleşýär we bu şäher Pakistanyň harby ştabynyň ýerleşýän ýeridir. Partlama ençeme harby desganyň ýerleşýän ýerinde ýüze çykdy.
Gürrüňi gidýän partlama Pakistanyň demirgazygynda 20 harbynyň öldürilmeginden bir gün soň bolup geçdi. Bu ýurduň tire-taýpalar regionynda söweşijiler bilen uruşýan hökümet güýçlerine garşy amala aşyrylan iň pajygaly wakalaryň biri boldy.
Şol hüjümiň jogapkärçiligini pakistanly “Talyban” topary öz üstüne aldy.
XS
SM
MD
LG