Sepleriň elýeterliligi

Morsä täze aýyplamalar ýöňkeldi


Müsüriň prokurorlary öňki prezident Muhammad Morsini we başga-da 24 sany syýasatçyny, žurnalisti, aktiwisti we aklawçyny “kazyýeti kemsitmek” diýen kesgitleme bilen aýyplama ýöňkediler.
Ýekşenbe günki bu aýyplamalar yslamçy prezident Morsä garşy ýöňkelen aýyplamalaryň dördünji tapgyrydy. Ol ýurtda bolan köpçülikleýin protestlerden soň, harbylar tarapyndan iýul aýynda häkimiýetden çetleşdirilipdi we şondan bäri tussaglykda saklanylýardy.
Morsi eýýäm öz garşydaşlaryny öldürmäge öjükdirmekde, daşary ýurt toparlar bilen dildüwşük etmekde we türmeden gaçmagy gurnamakda aýyplanýar. Onuň sud diňlenişigine fewral aýynda dowam ediler.
“Kazyýeti kemsitmek” diýen kesgitleme bilen aýyplanýanlaryň arasynda Müsüriň käbir belli ýaş aktiwistleri hem bar. Alaa Abdel-Fattah, öňki aklawçy Mostafa al-Naggar, öňki kanun çykaryjy Amr Hamzawy we adam hukuklaryny goraýan aklawçy Amir Salem dagylar olaryň käbirleridir.
Ýurduň kanunyna laýyklykda, gürrüňi gidýän aýyplama esasynda günäli tapylanlar alty aý türme tussaglygyna höküm edilip bilner ýa-da olara pul jerimesi salnyp bilner.
XS
SM
MD
LG