Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Kabul: NATO-nyň esgeri öldi


Owganystanyň günortasyndaky Gandahar welaýatynda birnäçe janyndan geçen hüjümçiniň gatnaşmagynda amala aşyrylan hüjümde NATO güýçleriniň azyndan bir esgeri öldi. Bu barada owgan resmileri habar berýärler.
Partlama duşenbe güni ýurduň Zaraý etrabynda ýüze çykdy. Gürrüňi edilýän etrabyň ýolbaşçysy Haji Jamal Aganyň Azatlyk Radiosynyň Owgan gullugyna beren maglumatyna görä, hüjümçileriň ählisi bombany partladan mahaly heläk bolupdyrlar ýa-da olar NATO güýçleriniň esgerleri tarapyndan öldürilipdirler.
Gandahar welaýat gubernatorynyň metbugat wekili Jawid Faýsal özüniň “Twitter” sosial ulgamyndaky sahypasynda partlamada dokuz sany janyndan geçen bombaçynyň we hüjümçiniň ölendigini ýazdy.
XS
SM
MD
LG