Sepleriň elýeterliligi

logo-print

"Gaz mugtam bolsa, ölçäp ýakmaly"


Aşgabadyň etegindäki jaýlarda ýerleşdirilen gaz ölçeýjiler. 2014 ý.

Aşgabadyň etegindäki jaýlarda ýerleşdirilen gaz ölçeýjiler. 2014 ý.

Türkmenistanda hojalyklarda gaz ölçeýji enjamlary oturtmak baradaky çekişme indi ep-esli wagtdan bäri dowam edýär. Bu tema anna güni prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda geçirilen hökümet maslahatynda hem gozgaldy.

Prezident ýygnakda wise-premýerler B.Hojamuhemmedowa we B.Nurmyradowa ýüzlenip, şeýle diýdi: ”Hojamuhammedow, Nurmyradowa, siz, ine, bilelikde teleýaýlymlarda görkezmek we metbugatda çap etmek üçin tebigy gazy tygşytly ulanmak bilen bagly gepleşikler we materiallar toplumynyň taýýarlanmagyny guraň. Bu gepleşiklerde we materiallarda gaz ölçeýän enjamlaryň oturdylmagynyň bize tebigy gazy tygşytly ulanmaga mümkinçilik berjekdigini, artyk harçlanan gaz üçin tölegiň ilatymyz, her bir maşgala üçin hem kynçylyk döretmejekdigini düşündiriň. Döwletimiz ilaty durmuş taýdan goldamak boýunça hem alyp barýan syýasatyny hemişe-de dowam eder”.

Bu çykyşyň ertesi güni merkezi gazetlerde “Türkmengazüpjünçilik” birleşiginiň “Gazyň mukdaryny ölçeýän enjamy ediniň!” şygarly çagyryşy çap edildi. Bu çagyryşda gaz ölçeýji enjamlaryň goýulmagynyň dowam etdirilýändigi hem habar berilýär.

Ölçeýjiler

Sarp edilýän gazyň möçberini hasaplamak üçin hojalyklarda gaz ölçeýji enjamlary dakmak baradaky çagyryşlar gazet sahypalarynda ýakynda peýda bolan hem bolsa, Aşgabadyň käbir raýonlarynda bu hili enjamlar 2012-nji ýylyň ahyrynda goýlup başlandy.

Ilat arasynda “gaz sçýotçigi” diýip atlandyrylýan bu enjamy goýmak üçin gaz edarasynyň işgärleri Aşgabadyň "Hitrowka" raýonyndaky ýaşaýyş jaýlaryna aýlanyp, ýaşaýjylardan 240 manat ýygnapdyrlar.

"Hitrowkanyň" ýaşaýjysy 42 ýaşly Amanmyrat degişli hökümet wekilleriniň bu puluň şol “gaz sçýotçiginiň” bahasydygyny aýdandyklaryny gürrüň berýär. Onuň aýtmagyna görä, bu puly her kim töläp bilmeýär. Şol sebäpden bu enjam üçin pul bermekden boýun gaçyranlar hem bolupdyr. Ilatdan puluň ýygnalandygyna garamazdan, entek "Hitrowkanyň" ýaşaýjylarynyň öýleriniň köpüsinde bu enjamlar goýulmandyr.

Gaz ölçeýji enjamlaryň dakylyp başlanmagynyň sebäbi barada resmiler tarapyndan halk köpçüligine takyk maglumat berilmedi. Emma “Türkmengazüpjünçilik” birleşigi tarapyndan gazetlerde çap edilen bildirişlerde bu ädimiň “tebigy gazyň sarp edilişini kadalaşdyrmak we rejelemek maksady” bilen amala aşyrylýandygy aýdylýar.

Howatyrlar

Türkmenistanda gazyň, suwuň, elektrik togunyň we duzuň mugtdugy aýdylyp gelinýär. Bu ädimden soň, hökümetiň bu şygarynyň ykbaly hem sorag astynda. Käbir ýaşaýjylar bolsa, gazyň bahasynyň ýokarlanmagyndan aladalanýarlar.

Özüni Ýalkap diýip tanadan Şor obasynyň ýaşaýjysy Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde, gazyň bahasynyň harytlaryň bahasyna hem täsir ýetirmeginiň mümkindigini aýdyp, onuň sebäbi hakda şeýle diýýär.

“Ylaýta-da paýtagtyň golaýyndaky obalarda teplissalarda ýetişdirilýän gök önümleriň bahalarynyň galmagy mümkin. Çünki şol teplissalar tebigy gaz bilen ýyladylýar” diýip, Ýalkap Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda ilat üçin tebigy gaz, suw, elektrik togy mugt diýlip resmi metbugatda mahabatlandyrylýar. Emma bu mugtçylygyň öz çäklendirmeleri bar. Elektrik togy adam başyna aýda 35 kilowatt, tebigy gaz bir ýylda adam başyna 600 kubmetr hem-de bir gije-gündizde adam başyna 250 litr suw mugt berilýär.

Ýöne gazyň we suwuň limitden geçýän möçberini ölçemek üçin ýörite ölçenýän gural goýulmaýar. Gaz we suw edaralarynyň işgärleri limitden köp sarp edilýän suwuň we gazyň ölçegini göz çeni bilen diýen ýaly ölçeýärler.

Mysal üçin, ýaşaýyş jaýynda gazplitadan we kotelnýadan, öýi ýyladyjy ojakdan başga enjam üçin ulanylan gaza goşmaça töleg talap edilýär.

Şol bir wagtyň özünde bu çärä oňaýly garaýanlar hem bar. Olardan biri hem özüni Aşyr diýip tanadan aşgabatly telekeçi. Ol: “Gaz sçýotçikleriniň girizilip başlanmagy bilen ilata berilýän gazyň ölçegini has takyk hasaplap bolar. Düzüw ykdysadyýetde hemme zadyň ölçegi we bahasy bolmaly. Ýogsam, mugt goýberilýän zatlaryň gadyry ýok” diýip, gürrüň berýär.

Emma şol bir wagtda hem gaz we suw ölçeýjileri girizilmezinden ozal adamlaryň gazanç mümkinçilikleriniň, aýlyklarynyň ýokarlandyrylmagynyň zerurdygyna ünsi çekýän ildeşlerimiz hem bar. Häzirki wagtda ortaça aýlyk 1037 manat diýlip hasaplanýar. Ýurtda işsizleriň sany hakda bolsa asla takyk maglumat ýok.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG