Sepleriň elýeterliligi

Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky Waşington uniwersitetiniň Saglyk ölçegleri we bahalary institutynyň soňky barlaglaryna görä, bütin dünýäde çilim çekmekligiň gerimi pese gaçypdyr, ýöne dünýäde ilatyň sanynyň artmagy netijesinde çilim çekýänleriň sany hem degişlilikde köpelipdir.

“1980-2012-nji ýyllar aralygynda 187 ýurtda çilim çekmekligiň gerimi we çilimiň sarp edilişi” atly barlag Amerikanyň Lukmançylyk Assosiasiýasynyň žurnalynda çap edildi. Bu žurnalyň 8-nji ýanwarda çykarylan sany ýörite temmäkä bagyşlandy.

Barlaglaryň netijesinden çen tutsaň, çilimkeşligiň ýaş aýratynlygyna görä ýaýrawy 1980-2012-nji ýyllar aralygynda zenanlaryň arasynda 42% we erkekleriň arasynda 25% pese gaçypdyr. 1980-nji ýyldan bäri dört ýurtda, ýagny Kanadada, Islandiýada, Meksikada we Norwegiýada çilim çekýän zenanlaryň we erkekleriň sany ýarpydan gowrak azalypdyr.

Ýöne 1980-2012-nji ýyllarda ilatyň sanynyň artmagy netijesinde gündelik çilim çekýän erkekleriň sany 41% we zenanlaryň sany-da 7% artypdyr. 2012-nji ýylda Şwesiýadan başga ähli ýurtlarda çilim çekýän erkekleriň sany zenanlaryňkydan ýokary bolupdyr.

Çilim çekýän zenanlaryň gerimi

Dünýäniň birnäçe ýurtlarynda, şol sanda Russiýada, Indoneziýada, Ermenistanda we Gündogar Timorda erkekleriň 50%-den gowragy her gün çilim çekýärler. Çilim çekýän zenanlaryň gerimi Awstriýa, Çili we Fransiýa ýaly ýurtlarda 25%-den ýokary bolup, Gresiýada bu san 30%-den-de ýokarydyr. Bu görkezijiniň netijesinde Gresiýa çilim çekýän zenanlaryň gerimi taýdan dünýäde birinji orunda durýar.

Antigua we Barbuda, Sao-Tome we Prinsipe we Nigeriýa ýaly ýurtlarda dünýäniň iň az çilim çekýän erkekleri ýaşaýarlar. Iň az çilim çekýän zenanlar bolsa Eritrea, Kamerun we Marokko ýaly ýurtlarda ýaşaýarlar.

“Keselleriň ýetirýän global jebri” atly merkeziň ýakynda ýaýradan maglumatyna görä, temmäki serişdeleri 5,7 million adamyň ölmegine sebäp bolupdyr. Bu merkez “Saglyk ölçegleri we bahalary instituty” tarapyndan guramalaşdyrylan.

Şeýle-de, bu merkeziň barlaglaryna görä, bütin dünýäde çilim çekmeklik adamyň ömrüni 6,9% gysgaldýar we tutuşlygyna alanyňda, saglygynyň 5,5% peselmegine sebäp bolýar. Bu hasaplamalar çilimiň tüssesiniň täsiri esasynda dörän saglyk problemalaryny öz içine almaýar.

Saglyk töwekgelçilikleri

Agzalýan institutyň bu hasaplamalary giň göwrümli maglumat çeşmelerine, şol sanda ýurduň içindäki barlaglara, resmi statistika we Dünýä Saglyk Guramasynyň maglumatlaryna esaslanýar.

Çilim çekmekligiň giň ýaýran we çilimkeşleriň çilimi uly mäçberde sarp edýän ýurtlarynda erkekler we zenanlar üçin ýokary saglyk töwekgelçiligi ýüze çykýar. Bu ýurtlaryň düzümine Hytaý, Irlandiýa, Italiýa, Ýaponiýa, Kuweýt, Günorta Koreýa, Filippin, Urugwaý, Şweýsariýa we Gündogar Ýewropanyň käbir ýurtlary girýär, diýlip, agzalýan institutyň maglumatlarynda bellenilýär.

Bu maglumata görä, bütin dünýäde sarp edilen çilimleriň sany 6 trilliondan geçipdir. 2012-nji ýylda dünýäniň 75 ýurdunda çilimkeşler her günüň dowamynda ortaça 20 çilim çekipdirler.

Çilimkeşligiň ilatyň ýaş aýratynlygyna görä ýaýbaňlanmagyny azaltmakda global progresi üç döwre bölse bolar. Ýagny, 1980-1996-njy ýyllarda bu ugurda o diýen progres bolmandy. Ýöne mundan ozalky onýyllykda bu görkeziji boýunça global derejede okgunly öňegidişlik gazanylypdy.

Soňra 2006-2012-nji ýyllar aralygynda çilimkeşligi azaltmakda pese gaçyşlyk duýuldy. Munuň sebäbi hem 2006-njy ýyldan bäri dünýäniň birnäçe iri ýurtlarynda, şol sanda Bangladeşde, Hytaýda, Indoneziýada we Russiýada çilim çekýänleriň sanynyň artmagy bilen baglanyşykly.

Saglyk ölçegleri we bahalary instituty Waşington uniwersitetindäki garaşsyz halkara saglyk derňewleri guramasydyr. Bu institut dünýäniň iň wajyp saglyk problemalarynyň anyk we deňeşdirip bolýan ölçeglerini açyp görkezýär we olary çözmek üçin ulanylýan strategik usullara baha berýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG