Sepleriň elýeterliligi

Kiýew: AÝ/AR-nyň žurnalistleri ýenjildi


AÝ/AR-nyň ukrain gullugynda işleýän iki žurnalist duşenbe güni polisiýa tarapyndan tussag edildi, urulyp-ýenjildi we yzýany boşadyldy. AÝ/AR-nyň habarçysy Dmytro Barkar we kameraçy Ihor Ishakow Kiýewiň merkezinde demonstranlaryň we polisiýanyň arasyndaky çaknyşyklary surata düşürip we habar berip duran wagtynda polisiýa tarapyndan tussag edildiler.

Žurnalistler özleriniň polisiýa tarapyndan ýenjilendigini aýtdylar. Ishakow burnunyň döwülen bolmagyny we kellesiniň sarsan bolmagyny çak edýändigini aýtdy. Žurnalistler göni efirde çaknyşyklary görkezmek üçin ulanan kamerasynyň ýok edilendigini gürrüň berdiler.

Polisiýanyň metbugat-wekili Inna Hamaily Ishakowyň we Barkaryň “şaýat” hökmünde tussag edilendigini AÝ/AR-na aýtdy.

Çaknyşyklar prezident Wiktor Ýanukowiçiň geçen hepdede protestleri çäklendirýän kanuna gol çekmegine protest bildirmek üçin onlarça müň adamyň ýekşenbe güni Kiýewiň merkezinde jemlenmeginiň yzýany ýüze cykdy.
XS
SM
MD
LG