Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Phenýana wekil ibermekçi


Waşingtonyň resmileri Phenýanda žurnalistleriň öňünde çykyş edip, özüniň tussaglykdan boşadylmagyny soran amerikan raýatyny alyp gaýtmak üçin Demirgazyk Koreýa wekil ibermäge taýýarlyk görülýändigini aýtdylar.

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň metbugat-wekili Jen Psaki Waşingtonyň Kennet Baeniň saglyk ýagdaýyna “örän aladalanýandygyny” belledi. Bae 2012-nji ýylda Demirgazyk Koreýada tussag edilipdi we hökümeti agdarmak aýyplamasy esasynda 15 ýyl agyr şertli zähmet lagerine höküm edilipdi.

Duşenbe güni Phenýan Baeniň az sanly žurnalistleriň öňünde çykyş etmegine mümkinçilik berdi. Bae “ýalňyşlyklary” boýun aldy we ABŞ-nyň hökümetinden azat bolmak we “mümkin boldugyndan tiz öz maşgalasyna gowuşmak” üçin kömek sorady.
XS
SM
MD
LG