Sepleriň elýeterliligi

Azatlyk TW

Duralgasyz duralga


Aşgabat şäheriniň Parahat-7 mikroraýonyna ýaşaýjylaryň göçüp gelenine iki ýyla golaý wagt bolandygyna garamazdan, ýaşaýjylar üçin gerek bolan amatlyklaryň doly derejede göz öňünde tutulmandygy aýdylýar. Söwda bazary, saglyk öýi bolmadyk bu etrapçanyň agyrly meseleleriniň biri hem, awtobus duralgalarynyň ýoklugydyr. Mundan ýarym ýyl ozal ýaşaýjylaryň tagallasy bilen awtobus duralgalary dikeldildi. Emma ýollaryň giňeldilip, ýoluň gündogara süýşürilmegi bilen, awtoduralgalaryň ýoldan arasy açyk galdy. Ýol gyralaryna arça agaçlarynyň oturdylandygyna seretmezden, awtoduralgalar gurnalmaýar. Ýaşaýjylar agaç nahallarynyň arasy bilen yol gyrasyna çykyp awtobusa münýärler. Ýaş çagaly eneler, garrylar bu meselede has köp kynçylyk çekýärler.

XS
SM
MD
LG