Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina: Azarow protestçilere "azar" berýär…


Russia -- Ukrainian Prime Minister Nikolai Azarov before the beginning of the Supreme Eurasian Economic Council summit in the Kremlin, December 24, 2013
Russia -- Ukrainian Prime Minister Nikolai Azarov before the beginning of the Supreme Eurasian Economic Council summit in the Kremlin, December 24, 2013
Ukrainanyň premýer-ministri Mikola Azarow, eger-de Kiýewdäki “prowokatorlar” hökümete garşy edýän protestlerini bes etmeseler, onda öz administrasiýasynyň demonstrantlara garşy howpsuzlyk güýçlerini herekete getirjekdigini aýtdy.

Azarow Orsýetiň “Rossiýa 24” telekanalynda eden çykyşynda, Kiýewde howpsuzlyk güýçleri bilen protestçileriň arasynda bolan çaknyşyklary agzap, munuň bilen baglanyşykly oppozision liderleri ýazgardy: “Bu ýagdaýa, esasan, oppozsion partiýalaryň baştutanlary jogapkär. Şeýle ýagdaýy olaryň özleri döretdiler. Häzir olar bir zady aç-açan aýan etmeli, ýagny eger-de olar köçelerdäki prowokatorlary, ekstremistleri goldaýan bolsalar, onda olaryň hem prowokatorlaryň tarapyndadyklary anyk aýan bolar. Eger-de olary goldamaýan bolsalar, onda oppozisiýanyň liderleri hem hökümet bilen bilelikde hereket edip, paýtagtyň köçelerini prowakatorlardan saplamaga kömek etmeli bolarlar”.

Azarow “öz hökümetiniň ýakyn wagtda adatdan daşary ýagdaý yglan etmegi meýilleşdirýändigi” barada aýdylýan gürrüňleri ret etdi: “Eger-de prowokatorlar öz pällerinden el çekmeseler, onda halkyň asuda durmuşda ýaşamagynyň hatyrasyna hökümetiň ekstremistlere garşy güýç ulanmaga kanun esasynda haky bolar”.

Temmiler

Birugsat köçe protestlerini geçirmäge gatnaşýan adamlara döwlet tarapyndan tölediljek jerimeleriň artdyrylmagyna we olaryň türme tussaglygyna höküm edilmegine ýol açýan kanun taslamasy geçen hepde Ukrainanyň parlamentinde tassyklanyldy we agzalýan kanun taslamasy çarşenbe güni irden güýje girer.

Azarow soňky çykarylan kanunlary “Ýewropa kanunçylygyndan göçürme” diýip häsiýetlendirdi.

Ýöne Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary boýunça ýokary wekili Näwiý Pilleý Ukrainada täze çykarylan kanunlaryň Halkara Adam hukuklary boýunça standartlara dogry gelmeýändigini aýtdy.

Sişenbe güni eden çykyşynda Pilleý ukrain häkimiýetlerini täze kanun taslamalaryny güýje girizmekden saklanmaga çagyrdy we agzalýan kanunlaryň söz azatlygyna, ýygnanyşmak azatlygyna, maglumat azatlygyna, şeýle-de graždan jemgyýetçiliginiň erkin hereket azatlygyna howp salýandygyny nygtady.

Gepleşiklere çagyryşlar

Ukrain prezidenti Wiktor Ýanukowiç oppozisiýanyň baştutanlaryny gepleşik geçirmäge we ylalaşyga çagyrdy.

Ýöne oppozision lider Witaliý Kliçko sişenbe güni özüniň Ýanukowiç bilen duşuşmakçy bolandygyny, emma özüniň hasap edilmändigini, muňa derek özüne Ýanukowiçiň diňe kömekçisi bilen duşuşmaga rugsat berlendigini aýtdy.

Ukrainanyň howpsuzlyk boýunça Milli geňeşiniň başlygy Andriý Kiýuew Kliçkonyň gepleşikleri terk edendigini aýdyp, onuň bu hereketini tankyt etdi: “Gynansak-da, konstruktiw gepleşik geçirilmedi. Meniň düşünişim boýunça Witaliý Kliçko ýygnakdan soň baryp, ylalaşyk prosesinden boýun gaçyrýandygyny aýdypdyr. Men ýene bir gezek aýdýaryn, bu ýalňyş. Ukrainanyň gelejeginiň hatyrasyna syýasatçylar stoluň başynda oturyp, ylalaşyga gelmeli”.

Kreml

Sişenbe güni Moskwada Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Ukrainadaky hadysalaryň “gözegçilikden çykýandygyny” aýtdy we ol ukrain oppozisiýasyny Kiýewde sosial dartgynlylyk döretmekde aýyplady.

Şeýle-de Lawrow Ýewropa Bileleşigini protestçilere goltgy bermekde aýyplady. Ol bu meselede ÝB-niň daşary syýasat boýunça başlygy Ketrin Eştona we Kiýewiň Garaşsyzlyk bagynda bolan beýleki ýewropa resmilerine kakdyryp, çykyş etdi.

Geçen hepdäniň aýagyndan bäri protestçiler bilen howpsuzlyk güýçleriniň arasynda bolan dartgynly çaknyşyklarda ýüzlerçe adam ýaralandy we polisiýa ulaglary agdaryldy. Polisiýa işgärleriniň özlerine garşy rezin oklary we göz ýaşardyjy gazlary ulanmaklaryna protestçiler Molotow kokteýlleri bilen gazaply gaýtawul berýärler.

Gürrüňi edilýän protestler geçen ýylyň noýabr aýynda Ýanukowiç Orsýet bilen ykdysady gatnaşyklary güýçlendirmegiň hatyrasyna ÝB-niň Erkin söwda boýunça özara assosiatiw ylalaşyk baradaky teklibini ret edeninden soň başlandy.

Ýanukwiçiň Orsýete golaýlaşmagy onuň Moskwadan 15 milliard dollar möçberinde pul kömegini almagyna ýol açdy.
XS
SM
MD
LG