Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Pakistan: Partlamada ýedi adam öldi


Pakistanda welosipede ýerleşdirilen bombanyň partlamagy netijesinde bir sany oglanjyk we polisiýanyň patrulynyň alty sany agzasy öldi. Polisiýanyň patruly poliomielite garşy sanjymlary amala aşyrýan topary goraýardy.
Bu bomba partlamasy çarşenbe güni irden ýurduň demirgazygyndaky durnuksyz Çarsadda etrabynda ýüze çykdy. Partlamanyň netijesinde başga-da alty sany adam ýaralandy.
Şeýle-de, sişenbe güni Karaçi şäherinde poliomielite garşy sanjymlary amala aşyrýan üç saglyk işgäri öldürilipdi.
Maglumatlara görä, geçen ýylyň dowamynda Pakistanda poliomielite garşy sanjymlary amala aşyrýan saglyk işgärleriniň we olary goraýan polisiýa işgärleriniň 16 sanysy öldürilipdir.
Pakistanda yslamçy söweşijiler poliomielite garşy sanjymlaryň Günbatar ýurtlary tarapyndan içalyçylyk we musulman çagalaryny öňelgesiz etmek üçin ulanylýandygyny aýdyp, onuň amala aşyrylmagyna garşylyk görkezýärler.
XS
SM
MD
LG