Sepleriň elýeterliligi

Astana: Pastor ekstremizmde aýyplanýar


Gazagystanyň Astana şäherinde preswiterian dini akymynyň pastory ekstremizm aýyplamalary bilen sud edilýär.
Altmyş ýedi ýaşyndaky Bahytžan Kaşkumbaýew geçiren wagyz-nesihat işleri arkaly kilise jemagatynyň birine “howp abandyrmak” diýen kesgitleme bilen 2013-nji ýylyň maý aýynda tussag edilipdi.
Kaşkumbaýew deslapky tussaglykda saklanan döwri takmynan alty aý töweregi ruhy näsaglaryň bejergi alýan hassahanasynda saklanylypdy.
Geçen ýylyň oktýabr aýynda ýurduň sudy Kaşkumbaýewiň saglyk ýagdaýy zerarly öý tussaglygynda saklanylyp bilinjekdigi barada karar çykarypdy. Ýöne ol azatlyga goýberilenden sanlyja minut soň, ekstremizm ilteşikli täze aýyplamalar bilen polisiýa tarapyndan gaýtadan tussag edilipdi.
Yslam dininden hristian dinine geçen Kaşkumbaýew we onuň goldawçylary oňa garşy gozgalan sud işiniň syýasy maksatlydygyny nygtaýarlar.
Adam hukuklaryny goraýan gazak hem-de halkara guramalar Kaşkumbaýewiň azatlyga goýberilmegi üçin gazak resmilerine çagyryş edipdiler.
XS
SM
MD
LG