Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa: Müsüriň raýaty tussag edildi


Russiýanyň paýtagty Moskwada Müsürdäki “Al-Kaýda” hereketiniň agzasy diýlip güman edilýän şübheli tussag edildi.
Russiýanyň Federal migrasiýa gullugynyň Moskwa boýunça direktoratynyň başlygy Olga Kirillowanyň çarşenbe güni žurnalistlere beren maglumatyna görä, asly müsürli adam geçen ýyl Russiýadan gaçybatalga sorapdyr.
Resmileriň maglumatynda gürrüňi gidýän adamyň arkasy barlanan döwri onuň Müsürdäki “Al-Kaýda” hereketiniň agzasydygy anyklanyldy diýilýär. Ol şondan soň, dessine tussag edilýär. Ýöne onuň şahsyýeti barada maglumat berilmeýär.
Kirillowa müsürli tussag barada özünde goşmaça maglumatyň ýokdugyny we ýurduň Federal howpsuzlyk gullugynyň bu wakany derňeýändigini sözüniň üstüne goşdy.
XS
SM
MD
LG