Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kiýew: Polisiýa barrikadalary ýumurýar


Eli haçly bir aýal polisiýany saklajak bolýar. Kiýew. 22-nji ýanwar. 2014 ý.
Eli haçly bir aýal polisiýany saklajak bolýar. Kiýew. 22-nji ýanwar. 2014 ý.
Kiýewdäki dartgynly ýagdaý çarşenbe güni hem güýçli depginde dowam edýär. Ukrainanyň baş prokurory hökümete garşy geçirilýän protestlerde üç adamyň atylyp öldürlendigini aýdýar.

Paýtagt Kiýewde hökümete garşy geçirilýän protestleriň başlan gününden bäri dowam edýän dartgynlylykda ilkinji sapar ölüm habary gelip gowuşdy.

Aktiwistleriň aýtmaklaryna görä, heläk bolanlardan birini polisiýa işgärleri atyp öldüripdir.

Ýurduň Içeri işler ministrligi polisiýa gulluklarynyň agyr ýarag ulanmaýandygyny tekrarlaýar. Premýer-ministr Mikola Azarow polisiýa işgärlerine agyr ýarag berilmeýändigini aýdýar.

Çarşenbe güni polisiýa işgärleri protestçileri dargatmak we olaryň barrikadalaryny ýykmak üçin iş alyp barýar. Demonstrantlar üç günden bäri täsirli garşylyk görkezýärler. Howpsuzlyk güýçleri demonstrantlara garşy göz ýaşardyjy gazlary, rezin oklary ulanyp, olar çärä gatnaşýan adamlary dürreleýärler, öz gezeginde protestçiler bolsa güýç ulanyjylara garşy daşdyr “ýangyç bombasyny” atyp, garşylyk görkezýärler.

Çarşenbe güni irden howpsuzlyk güýçleri protestçileriň emeli barrikadalaryny ýykmak üçin olaryň üstüne hüjüm etdiler, ýöne gazaba münen demonstrantlar bu hüjümleri yza serpikdirdiler.

Pidalar

Aktiwistler çärede adamlaryň atylyp öldürilýändigini aýdýarlar. Wepat bolanlardan biriniň şahsyýeti anyklanylyp, onuň 20 ýaşly ermeni etniki toparyna degişli Serhiý Nihoýandygy aýdyldy.

Protest çärelerine gatnaşýan lukman Igor Petrowiç özleriniň wagtlaýyn keselhanalaryna getirilen ýaralanan protestçilerden biriniň sähel salymdan soň ölendgini aýdýar.

“Ilkinji barlaglaryň netijesinde onuň kellesiniň ýeňsesine, boýnunyň töweregine, şeýle-de gursagynyň sag tarapyna degen oklardan wepat bolandygyny aýdyp bileris.”

Hökümete garşy geçirilýän çärelerde wepat bolan üçünji protestçiniň “Dinamo Kiýew” stadionynyň esasy girelgesiniň ýokarsyndan gaçyp ölendigi aýdylýar.

Oppozisiýanyň lideri Arseniý Ýatsenýuk özüniň Twitter hasaby arkaly eden çykyşynda prezident Wiktor Ýanukowiçiň çarşenbe güni öýlän gepleşik geçirmäge çagyrandygyny habar berdi.

Ýanukowiç özüniň çarşenbe güni eden çykyşynda protestçileri “syýasy radikallaryň” hataryna goşulmazlyga çagyrdy. Onuň ýaýradan beýanatynda aýdylyşyna görä, prezident, çärä gatnaşyp wepat bolanlaryň işiniň “düýpli derňelmegini” tabşyrypdyr.

Premýer-ministr Mikola Azarow çarşenbe güni irden eden çykyşynda hökümete garşy geçirilýän protest çäreleriniň “terroristleri” köçä çykarandygyny we ähli “jenaýatçylykly hereketleriň” gürrüňsiz jezalandyryljakdygyny aýtdy.

Reaksiýalar

Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat boýunça başlygy Ketrin Eşton dartgynlygy güýjedýän ýagdaýy berk ýazgardy. Onuň metbugat wekili Maýa Koçiýansiç bu barada şeýle çykyş etdi: “Ýewropa Bileleşiginiň ýokary derejeli wekili hökümet bilen oppozisiýany özara çynlakaý gepleşik geçirmäge we ylalaşmaga çagyrýar. Ýokary derejede geçirilmeli gepleşiklerde ýüze çykan krizise syýasy çözgüt tapylmaly we halkyň islegleri kanagatlandyrylmaly.”

Ýewrokomissiýanyň prezidenti Hose Manuel Barroso ýüze çykan dartgynlylyk barada çykyş edip, Ukrain häkimiýetlerine duýduryş berdi.

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Kiýewdäki ilçihanasy çarşenbe güni “käbir ukrainalylaryň” wizalaryny ýatyrýandygyny we wizasy doňdurylanlaryň geçen ýylky protestlerde çärä gatnaşyjylara sütem etmekde aýyplanýandygyny habar berdi. Olaryň kimlerdigi barada giňişleýin maglumat ýaýradylmady.

Çarşenbe güni bolup geçýän dartgynly çaknyşyklar Kiýewiň Garaşsyzlyk bagyna golaý ýerde bolup geçýär. Ol ýerde eýýäm iki aýdan bäri asuda protest çäreleri geçirlip gelinýär.

Prezident Wiktor Ýanukowiç noýabr aýynda Ýewropa bilen erkin söwda ylalaşygyna gol çekmänsoň, Ukrainada hökümete garşy çäreler başlanypdy.

Çarşenbe güni güýje giren täze kanunlara laýyklykda, birugsat köçä çykýan protestçilere salynýan jerimäniň möçberi artdyryldy, şeýle-de olaryň türme tussaglygyna höküm edilmegine giň ýol açyldy.
XS
SM
MD
LG