Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Humaý: "Türkmençe türkçe bilen garyşdyrylmasyn"


Türkmen gyzlary kitaba seredýärler.
Türkmen gyzlary kitaba seredýärler.
Geçen bir asyryň dowamynda türkmen dili dürli tapgyrlary başdan geçirdi. Bir döwür türkmen dili arap we pars sözleriniň hasabyna baýlaşdyrylan bolsa, sowet döwründe bu ýagdaý rus dili mysalynda gaýtalandy.
Garaşsyzlyk ýyllarynda bolsa esasan türkmen dilinde gürleýän ýaslaryň arasynda türk sözlerini, ýagny Türkiýede ulanylýan aňlatmalaryň has köp ulanylyp başlanandygyna şaýat bolýarys.
Munuň sebäpleri barada aýdylanda, Türkiye bilen Türkmenistanyň aragatnaşygynyň ýygjamlaşmagy, Türkiýede okaýan we işleýän raýatlaryň köpelmegi, şol bir wagtda türk telewideniýesiniň Türkmenistanda meşhurlaşmagy barada gürrüň edip bolar.

Eýsem, ýaşlaryň arasynda türkmençe bilen türkçäniň garyşdyrylyp gürleşilmegine siz nähili garaýarsyňyz? Bu barada ýaşlar näme pikirde?

Bu barada daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmen ýaşlary Humaý, Arslan we "Enedilim.com" websahypasynyň döredijisi Nazar bilen söhbetdeş bolduk. Söhbetdeşligi diňlemek üçin aşakdaky düwmä basyň.

XS
SM
MD
LG