Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Şweýsariýa: Siriýa boýunça gepleşikler geçýär


"Ženewa II" halkara konferensiýasynyň açylyş dabarasy, 22-nji ýanwar, 2014

"Ženewa II" halkara konferensiýasynyň açylyş dabarasy, 22-nji ýanwar, 2014

Şweýsariýada Siriýada üç ýyl bäri dowam edýän konflikte çözgüt tapmak boýunça halkara konferensiýa öz işine başlady.

BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-Moon çarşenbe güni Montre şäherinde bolan duşuşykda çykyş edip, gatnaşyjylaryň “çylşyrymly mesele” bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyny, emma şol bir wagtda-da “täzeden başlamak” üçin pursatyň dörändigini belledi.

Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow gepleşikleriň “aňsat we tiz” bolmajagyny aýtdy we konflikte çözgüt tapmak üçin “ähli gatnaşyjylaryň taryhy jogapkärçiliginiň” bardygyny nygtady.

Ýaranlar we tankytçylar

Siriýanyň prezidenti Başar Al-Assadyň esasy ýaranlarynyň biri bolan Orsýetiň daşary işler ministri Lawrow Siriýada syýasy öwrülişigiň amala aşyrylmagyna ýurduň daşyndan täsir edilmeli däldigini duýdurdy. Şeýle-de Lawrow Siriýanyň režiminiň esasy regional ýarany bolan Eýranyň hem halkara dialogyna gatnaşdyrylmagynyň zerurdygyny belledi.

Onuň kommentarileriniň öňüsyrasynda BMG-niň ýolbaşçysy Eýranyň maslahata gatnaşmagy üçin başda berlen çakylygy yzyna gaýtaryp aldy. Eýranyň prezidenti Hassan Rohani çarşenbe güni parahatçylyk ugrundaky bu gepleşiklerden uly bir öňegidişlige umyt baglamaly däldigini aýtdy.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri Siria boýunça konferensiýada gepleşikleriň “berk we çylşyrymly boljagyny”, emma Assadyň geçiş hökümetinde galmagyna hiç hili mümkinçiligiň ýokdugyny belledi: “Biz ýeke-täk bir mümkinçiligi görýäris – özara ylalaşyk esasynda geçiş hökümeti düzmek boýunça ylalaşmaly. Häzir biz hakykata esaslanyp hereket etmeli, hakyky ýagdaýdan ugur almak zerur. Özara ylalaşyk esasynda düzülen geçiş hökümetiniň düzümine haýsy-da bolsa [diňe] bir tarapa degişli bolan adamlaryň alynmagy göz öňünde tutulmaýar. Bu bolsa Başar Al-Assadyň geçiş hökümetiň düzümine girmeli däldigini aňladýar”.

Siriýanyň resmi garaýşy

Siriýanyň daşary işler ministri Walid al-Moallem siriýalylardan başga hiç kimiň Başar Al-Assady häkimiýet başyndan aýyrmaga hakly däldigini belledi.

Moallem ýurduň oppozisiýasyny “dönükler” we daşary ýurt “agentleri” diýip atlandyrdy we halkara jemgyýetçiligini Siriýa ýarag ibermek arkaly terrorçylygy goldamagy bes etmäge çagyrdy. Şeýle-de Moallem siriýalylaryň adyndan Orsýete minnetdarlyk bildirdi we onuň “Siriýanyň hakyky dosty” hökmünde hereket edýändigini aýtdy.

Siriýanyň Milli koalisiýasynyň ýolbaşçysy Ahmad al-Jarba Assad häkimiýet başynda galýan wagty hiç hili gepleşigiň bolup bilmejegini aýtdy we Assadyň güýçlerini ”Al-Kaýda” ýardam bermekde aýyplady.

Gapma-garşylyk

Siriýanyň gozgalaňçylaryny goldaýan Saud Arabystanynyň daşary işler ministri şazada Saud al-Faisal Siriýadan halkara goşunlaryny, şol sanda gozgalaňçylara garşy söweşde Damaska ýardam berýän Liwanyň "Hizballah" şaýy söweşiji toparyny we Eýranyň "Rewolýusion güýçlerini" çykarmaga çagyrdy.

“Ženewa II” diýlip atlandyrylan bu duşuşykda Siriýada konflikt başlanaly bäri Assadyň režiminiň wekilleri bilen oppozisiýanyň agzalary ilkinji gezek duşuşyk geçirýärler.

40 çemesi ýurduň wekilleriniň gatnaşmagynda Ženewada geçirilýän gepleşikler hepdäniň aýagyna çenli dowam eder.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG