Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa: Lebedew azatlyga goýberilýär


Russiýanyň Ýokary sudy ýurduň öňki nebit tütjary Mihail Hodorkowskiýniň öňki biznes kärdeşi Platon Lebedewiň azatlyga goýberilmegi barada karar çykardy. Sud Lebedewiň iki sud işini hem gaýtadan gözden geçirenden soň, bu karara gol goýdy.
Penşenbe güni sud Lebedewiň, eýýäm, tussaglykda saklanan döwrüne çenli tussaglyk möhletiniň gysgaldylmalydygy barada karar çykardy. Ol maý aýynda azatlyga goýberilmelidi.
Lebedew 2003-nji ýyldan bäri tussaglykda saklanylýar. Häzirki wagt onuň penşenbe ýa-da anna güni azatlyga goýberilmegine garaşylýar.
Geçen aý Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin Hodorkowskiýniň günäsini geçipdi. On ýyldan gowrak wagt bäri tussaglykda saklanan Hodorkowskiýniň tussaglyk möhletiniň tamamlanmagyna sekiz aý galanda, ol azatlyga goýberilipdi.
XS
SM
MD
LG