Sepleriň elýeterliligi

Baku: Ýerewan ylalaşygy bozýar


Baku Ermenistany Azerbaýjanyň Daglyk-Garabag sebitiniň araçäginde ok atyşlygy bes etmeklik baradaky ylalaşygy bozmakda aýyplaýar.
Azebaýjanyň Goranmak ministrliginiň ýaýradan beýanatynda bellenilmegine görä, gürrüňi gidýän waka Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasynyň resmileri Azerbaýjanyň Fizuli etrabyndaky araçäge gözegçilik etmäge baranda, penşenbe güni ýüze çykypdyr. Bu wakada hiç kim ýaralanmandyr.
Penşenbe güni ÝHHG-nyň beýleki bir topary Daglyk-Garabagdaky serhede gözegçilik edýärdi.
Ermenistanyň paýtagty Ýerewanda ýurduň goranmak ministri Seýran Oganýan penşenbe güni kabinet ýygnagynda “biz diňe ok atyşykly maksatlara gaýtawul berýäris” diýip, iki ýurduň arasyndaky araçäkde ýagdaýyň dartgynly bolmaga dowam edýändigini aýtdy.
Daglyk-Garabag sebiti zerarly Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasyndaky konfliktler dowam edýär. Ýerewan tarapyndan goldanýan ermeni separatistler 1990-njy ýyllarda Daglyk-Garabagy Azerbaýjanyň elinden alypdylar.
XS
SM
MD
LG