Sepleriň elýeterliligi

Oppozisiýadan prezidente “soňky duýduryş”


Ukrainanyň oppozisiýa lideri Witaliý Kliçko. 23-nji ýanwar, 2014 ý.

Ukrainanyň oppozisiýa lideri Witaliý Kliçko. 23-nji ýanwar, 2014 ý.

Ukrain oppozisiýasy, eger-de prezident ýurtda geçiriljek saýlawlaryň wagtyny öňe süýşürmese, onda özleriniň hökümete garşy geçirýän protestlerini “has güýçli derejede dowam etdirjekdiklerini” aýdyp, hökümete duýduryş berdi.

Üç esasy oppozision partiýanyň baştutanlary ýurduň prezidenti Wiktor Ýanukowiçe penşenbe gününe çenli wagt berdiler. Şeýle-de olar prezident belli bir karara gelýänçä, ýagny 24 sagadyň dowamynda öz tarapdarlaryny asudalygy saklamaga çagyrdylar.

Partiýa baştutanlary Witaliý Kliçko, Arseniý Ýatsenýuk we Oleh Tiýahnybok, ýurduň prezidenti bilen çarşenbe güni öz geçiren gepleşikleri oňyn netijä bermänsoň, hökümete “soňky duýduryşy” bermegi makul hasapladylar.

Çarşenbe güni polisiýa işgärleri bilen protestçileriň arasynda bolan dartgynly çaknyşyklarda azyndan üç adam wepat boldy. Agzalýan ölüm habarlary hökümete garşy protestleriň başlanan gününden bäri, has takygy iki aýyň dowamynda ilkinji sapar sezewar bolnan ýitgilerdir.

Öwezini dolup bolmajak ýitgilerden iki adamyň ölümi polisiýanyň olara ot açmagy sebäpli bolupdyr. Protest çärelerine gatnaşyp, wepat bolan üçünji adamyň, ýagny Ýuriý Werbytskiniň jesedini onuň maşgala agzalary morgda tanapdyrlar. Gelip gowuşýan habarlara görä Werbytskini, näbelli adamlar 21-nji ýanwarda alyp gaçypdyrlar.

Şeýle-de, çarşenbe güni geçirilen protest çärelerinde 300-e golaý adam ýaralanypdyr. Ýurduň Içeri işler ministrliginiň berýän habaryna görä bolsa, 75 adam polisiýa tarapyndan saklanylypdyr.

Häzirki pursat

Penşenbe güni Kiýewiň merkezi meýdançasynda protestçiler bilen polisiýa işgärleri birek-birege golaýlaşmadylar. Ýakylan tekerlerden asmana galan agyr tüsse wagtlaýynça polisiýa bilen protestçileriň arasyny açýar.

Çarşenbe güni agşam Garaşsyzlyk bagynda on müňlerçe protestçä ýüzlenen Witaliý Kliçko, eger-de ýurduň prezidenti olaryň talaplaryny berjaý etmese, onda umumyhalk gozgalaňynyň boljakdygyny aýdyp, hökümete duýduryş berdi: “Men prezidente ýüzlenýärin. Edil şu wagt onuň bize tomaşa edip oturandygyna anyk gözüm ýetýär. Jenap prezident, meseläni çözmek üçin entegem mümkinçilik bar. Saýlawlaryň öňe süýşürilmegi ýagdaýyň ölüm-ýitimsiz soňlanmagyna getirer. Biz muny amala aşyrmak üçin elimizde baryny gaýgyrmarys. Siz halka diň salyň! Siz halky äsgermezçilik etmäň! Meseläni çözüň! Eger-de siz halka gulak asmasaňyz, onda adamlar size özlerini diňletmek üçin hiç zatdan gaýtmazlar”.

Çarşenbe güni agşam Ýatsenýuk protestçilere meseläni parahatçylykly çözmek üçin Ýanukowiçiň 24 sagadynyň bardygyny aýtdy. Ol bu ugurda öz janyndan hem geçip biljekdigini mälim etdi: “Wiktor Ýanukowiç, belli bir netijä gelmek üçin siziň 24 sagadyňyz bar! Men belli bir netijä geldim! Ukraina şöhrat!”

Gürrüňi edilýän üç esasy oppozision partiýanyň başlyklarynyň ýene-de bir gezek penşenbe güni Ýanukowiç bilen duşuşmaklaryna garaşylýar.

Kliçko 23-nji ýanwarda, dört günden bäri çaknyşyklaryň dowam edýän ýeri bolan Hruşýewskiý köçesine baryp gördi. Ol gepleşikler geçýän döwründe iki tarapyň hem asudalygy saklamak üçin ylalaşyga gelendiklerini aýtdy.

Prezident Ýanukowiç noýabr aýynda Ýewropa Bileleşigi bilen özara erkin söwda ylalaşygyna gol çekmekden garaşylmadyk ýagdaýda boýun gaçyransoň, Ukrainada hökümete garşy protestler başlapdy.

Ýekşenbe güni parlamentden protestçileriň hukuklaryny çäklendirýän täze kanun taslamasy kabul edilensoň, hökümete garşy geçirilýän çäreleriň depgini has hem güýçlendi. Agzalýan kanun taslamasy çarşenbe güni öz güýjüne girdi.
XS
SM
MD
LG