Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran: Rohani hyzmatdaşlykdan söz açýar


Eýranyň prezidenti Hassan Rohani Dawosda çykyş edýär. 23-nji ýanwar, 2014 ý.
Eýranyň prezidenti Hassan Rohani Dawosda çykyş edýär. 23-nji ýanwar, 2014 ý.
Eýranyň prezidenti Hassan Rohani Şweýsariýanyň Dawos şäherinde geçýän Bütindünýä ykdysadyýet forumynda çykyş edip, hyzmatdaşlyk we howpsuzlyk meseleleri dogrusynda söz sözledi.

Penşenbe güni eden çykyşynda Rohani hiç bir döwletiň üzňelikde ýaşap bilmejekdigini we öz ýurdunyň halkara jemgyýetçiligine goşulyp, beýleki döwletler, şol sanda ABŞ bilen hem hyzmatdaşlyklary ösdürmäge taýýardygyny nygtady.

Rohani: “Eýranyň Birleşen Ştatlar bilen gatnaşyklary täze bir döwre girdi. Ilkinji gezek iki ýurduň syýasatçylary özara gepleşip, ýadro meseleleri boýunça bar bolan soraglary çözmek ugrunda pikir alyşdylar. Bu [Eýranda] yslam rewolýusiýasyndan soň bolup geçýän möhüm özgerişdir”.

Germaniýanyň “dpa” habar agentliginiň berýän maglumatyna görä, Rohani konferensiýanyň çäginde çykyş edip, ABŞ-nyň Tährandaky ilçihanasynyň açylmagynyň “bolmajak zat däldigini” hem belläpdir.

Siriýa

Şweýsariýanyň kurort şäherçesinde ýygnanan 2 müň 500 töweregi syýasatçynyň öňünde eden çykyşynda Rohani Siriýa meselesiniň üstünde hem durup geçdi. Eýranyň prezidenti siriýa konfliktini “uly heläkçilik” diýip häsiýetlendirip, gandöküşikligi togtatmagyň iň gowy ýolunyň “açyk we adalatly” saýlawlar boljakdygyny aýtdy.

Ol: “ Biz ähli zatdan öňürti Siriýadaky gandöküşikligi togtatjak bolmaly. Ikinjiden, biziň ählimiz ol ýerdäki terroristleri yza serpikdirmeli. Biz terrorizmi goldaýan döwletlere munuň olaryň bähbidine bolmajakdygyny düşündirmeli. Sebäbi terroristleriň indiki nyşanasy hut şol döwletleriň özleri bolar. Soňundan biz oppozisiýa bilen hökümetiň bir stoluň başyna geçip, gepleşmegini gazanjak bolmaly. Iň soňky maksat hem – Siriýadaky açyk saýlawlar”.

Tähran Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň ýakyn ýaranlarynyň biridir. Emma ol şu hepde Siriýa boýunça Şweýsariýada geçirilen parahatçylyk gepleşiklerine gatnaşdyrylmady.

Ýadro ýaragy

Rohani çykyşynda halkara howpsuzlygy meselesinde energiýa kepilliginiň möhümdigini aýtdy. Ol şu ýylyň ahyryna çenli öz ýurdunyň nebit we gaz pudaklary boýunça täze taslamany hödürlemekçidigini hem belledi.

Rohani Eýranyň ýadro ýaragyny edinmek niýetiniň ýokdugyny ýene bir gezek tekrarlady: “Men berk we açyk aýdýaryn, Eýranyň howpsuzlyk meýilnamasynda ýadro ýaragyna ýer ýok. Eýranyň bu ugurda hereket etmek niýeti hem ýok”.

Tähranyň ýadro ýaragyny özleşdirip bilýändigi baradaky şübheler sebäpli, Eýranyň garşysyna ençeme tapgyr halkara sanksiýalary girizildi.
XS
SM
MD
LG