Sepleriň elýeterliligi

Azerbaýjan-Ermenistan duşuşygy geçýär


Azerbaýjanyň we Ermenistanyň daşary işler ministrleri Elmar Mamadýarow we Eduard Nalbadian anna güni Parižde duşuşyp, Daglyk-Garabagda “doňan konflikt” diýilip aýdylýan mesele barada gepleşikleri dowam etdirerler.

Azerbaýjanyň Daşary işler ministrligi iki ministriň başda Fransiýa, Orsýet we ABŞ bilen duşuşjakdygy barada habar berdi. Bu ýurtlar Azerbaýjanyň we Ermenistanyň arasyndaky duşuşyga ýardam berýän ÝHHG-niň Minsk topary, diýilip atlandyrylýan topara bilelikde baştutanlyk edýärler.

Sişenbe güni Azerbaýjanyň goranmak ministri soňky hepdede serhetde ar alyş çaknyşygynda ermeni harbylarynyň azeri esgerini öldürendigini aýtdy. Soňky hepdede iki ýurt tarapyndan serhetde geçirilen gözegçilik çäreleriniň netijesinde emele gelen ok atyşykda daglyk-garabagly bir esger öldürildi.

Ermeni separatistleri esasan ermeni ilatly Daglyk-Garabag regionyny 1990-njy ýyllarda bolan urşuň dowamynda Azerbaýjandan basyp alypdylar. Konflikti çözmek ugrundaky diplomatik tagallar netije bermedi.
XS
SM
MD
LG