Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyz-hytaý serhedi: 11 adam öldürildi


Hytaýyň ilçihanasynyň resmileri Gyrgyzystanyň demirgazyk Yssyk-Köl regionyna baryp, penşenbe güni gyrgyz serhetçileri tarapyndan atylyp öldürilen 11 adamyň şahsyýetini anyklamaga ýardam berýärler.

Gyrgyzystanyň Serhete gözegçilik gullugynyň ýerine ýetiriji ýolbaşçysy Raimberdy Duişonbiýew anna güni žurnalistleriň öňünde çykyş edip, öldürilen adamlaryň Hytaýyň Hinjiang awtonom regionynyň gozgalaňçylary bolmaklarynyň ähtimaldygyny aýtdy. Duişonbiýew olaryň Hytaýyň serhet güýçleri bilen çaknyşykdan soň serhetden geçen bolmagynyň çak edilýändigini habar berdi.

Gyrgyzystanyň serhet gullugynyň resmisiniň sözlerine görä, serhetçiler baryp ýetişýänçä tokaý gözegçisi Aleksandr Barykin serhetden geçen ýaragly adamlary saklajak bolup, olaryň ikisini atyp öldüripdir. Çaknyşykda Barykiniň özi-de wepat bolupdyr.

Gyrgyzystanyň prezidenti Almazbek Atambaýew merhum Barykiniň gahrymanlyk üçin sylaglanjakdygyny anna güni yglan etdi. Geçen hepdede Hinjiang regionynyň häkimiýetleri “terrorizme” garşy göreşe niýetlenen maliýe üpjünçiligi iki esse artdyrdylar. Geçen ýyl regionda hökümete garşy hüjümler bilen bagly gandöküşikli ýyl boldy. Hüjümleri amala aşyrmakda radikal yslamyň täsiri astyndaky uýgur separatistleri guman edilýärler.
XS
SM
MD
LG