Sepleriň elýeterliligi

Pakistan: Asghar ölüme höküm edildi


Pakistanyň sudy asly pakistanly britan raýatyny dine dil ýetirmekde günäli tapyp ölüm jezasyna höküm etdi. Mohammad Asghar 2010-njy ýylda Rawalpindi şäherinde özüniň pygamberdigi barada hat ýazmagyndan soň tussag edilipdi. Çarşenbe güni sud 65 ýaşly Asgharyň ruhy taýdan hassadygy barada aklawçylaryň öňe süren delillerinden ýüz öwürdi.

Dine dil ýetirmek Pakistanda örän ynjyk mesele hasaplanýar we munuň üçin ölüm jezasy göz öňünde tutulýar. Adam hukuklaryny goraýjy toparlar bu berk çäräniň jezalandyryş üçin gural hökmünde ulanylýandygyny aýdýarlar we kanunyň ýatyrylmagyny talap edýärler.

2012-nji ýylda ýaş hristian gyz Rimşa Masih dine dil ýetirmekde aýyplanyp Yslamabatda tussag edilipdi. Bu waka halkara aladalanmalary döredipdi, netijede Masihe garşy aýyplamalar ýatyrylyp, ol maşgalasy bilen Kanada göçüp gidipdi.
XS
SM
MD
LG