Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bişkek yslamçylary tutmagy dowam etdirýär


Gyrgyzystanda “Hizb ut-Tahrir” yslamçy guramasynyň agzasy bolmakda güman edilýän üç adam Jalal-Abad regionynda tussag edildi.

Regional polisiýasynyň resmisiniň AÝ/AR-na anna güni aýtmagyna görä, güman edilýän adamlar birnäçe günläp dowam eden operasiýanyň netijesinde ele salynypdyr.

Polisiýa tussag edilenleriň biriniň Özbegistanyň raýatydygyny we onuň serhetden bikanun geçendigini habar berdi. Beýleki iki adamyň gyrgyz raýatlary bolup, olaryň Jalal-Abad regionynyň Bazar-Korgon we Suzak etraplaryndandygy aýdylýar. Şeýle-de, polisiýa tutulanlaryň ýanynda ekstremistik mazmunly kitaplaryň we elektronik materiallaryň tapylandygyny aýtdy.

Gyrgyzystanyň hökümeti we postsowet ýurtlarynyň ençemesi Londonda ýerleşýän sünni syýasy topary “Hizb ut-Tahriri” gadagan etdi we onuň tarapdarlaryny “ekstremistler” diýip atlandyrdy.
XS
SM
MD
LG