Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Owgan sportçylary oka tutulýar


Gündogar Owganystanda sport meýdanynda ýaragly hüjümçileriň amala aşyran ok atyşygynda bäş adam heläk boldy. Regionyň metbugat wekili Sarhadii Zhouak bu hüjümiň penşenbe güni Laghman welaýatynyň Alinghar etrabynda bolandygyny aýtdy. Hüjümçiler gaçypdyr. Hüjümiň jogapkärçiligini hiç kim öz üstüne almandyr, emma resmiler “Talyban” hereketini aýyplaýarlar.

“Talyban” Owganystany dolandyran döwründe sporty we köpçülikleýin çäreleri berk çäklendiripdi. Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý hüjümi ýazgaryp beýannama ýaýratdy.

Geçen hepdede günorta Gandagar welaýatynda futbol meýdançasyna raketa düşüp, bir ýaş adam wepat bolupdy. Bu raketanyň “Talyban” tarapyndan atylandygy çak edilýär.

Şol bir wagtda-da, günorta Helmand welaýatynda polisiýa öldürilen žurnalist Noor Ahmad Nooriniň jesediniň penşenbe güni gije tapylandygyny habar berdi. Busd Radiosynda işlän 30 ýaşly Noori şol gün irden ogurlanypdy.
XS
SM
MD
LG