Sepleriň elýeterliligi

Ukraina: Protestçiler lagerlerini giňeldýär


Kiýew, Ýewromaýdan, 24-nji ýanwar, 2014.

Kiýew, Ýewromaýdan, 24-nji ýanwar, 2014.

Prezident Wiktor Ýanukowiç bilen oppozisiýanyň arasynda bolan gowuşgynsyz gepleşiklerden soň, Ukrainanyň hökümete garşy protestçileri özleriniň Kiýewdäki protest lagerlerini giňeltdiler.

Protestçiler Garaşsyzlyk meýdançasynyň töwereginde täze barrikadalary gurdular we Oba hojalyk ministrliginiň binasyny hem eýelediler. Emma uzak bolmadyk Hruşewskiý köçesinde, dört gün ozal ýowuz çaknyşyklaryň bolan ýerinde ýaraşyk orun alan ýaly göründi.

Oppozisiýa liderleri penşenbe güni Ýanukowiç bilen dört sagatlap gepleşik geçirdiler, emma biraz soň protestçiler prezident tarapyndan teklip edilen eglişikleri ret etdiler.

Oppozisiýa liderleri, gepleşiklerden soň, Ýanukowiçiň polisiýa bilen çaknyşyklardan soňra tussag edilen onlarça protestçini boşatmagy hem-de mundan eýläk tutda-baslyklary togtatmagy wada berendigini aýtdylar.

Protestçileriň esasy talaby

Emma Witaliý Kliçko protestçilere prezidentiň oppozisiýanyň esasy talabyny, hökümetiň iş başyndan çekilmegi baradaky talaby eşitmezlige salýandygyny aýtdy.

Kliçko we Oleh Tiahnibok anna güni agşam protestçileri ýaraşyk kadalaryna ermäge yrmak maksady bilen Hruşewskiý köçesindäki barrikadalara bardy.

Şeýle-de Kliçko protestçileriň hökümetiň işden çekilmegi üçin basyşlaryny artdyrmaklaryny ündedi:

"Men ýene bir gezek aýtmak isleýärin, biz anna güni irden hökümetiň çekilmegi üçin basyş etmeli."

Şu arada protestçiler günbatar Ukrainanyň birnäçe şäherinde regional adminstrasiýanyň edara jaýlaryny hem eýelediler.

Kliçko, Tiahnibok we Arseniý Ýatsenýuk anna güni Ýanukowiç bilen ýene bir tapgyr gepleşik geçirmeli.

Parlament bolsa, sişenbe güni adatdan daşary sessiýa geçirmeli. Resmiler bu sessiýada oppozisiýanyň hökümetiň işden çekilmegi baradaky talabynyň, şeýle-de protestleri çäklendirmek barada golaýda kabul edilen kanuna girizilmeli düzedişleriň ara alnyp maslahatlaşyljagyny aýdýarlar.

ÝB dialoga ýardam bermeli

ÝB-niň giňeliş komissary Stefan Fuele anna güni Kiýewe gelip, syýasy dialoga kömek bermäge synanyşmaly.

Ukrainadaky hökümete garşy protestler noýabr aýynda, Ýanukowiç Ýewropa Bileleşigi bilen has ýakyn gatnaşyk gurmak baradaky şertnamany soňa goýanyndan soň başlandy.

Ýekşenbe güni, geçen hepde parlamentiň protestlere garşy täze kanuny tassyk etmegi netijesinde turan protestlerde protestçiler bilen howpsuzlyk güýçleriniň arasynda çaknyşyk boldy.

Hökümete garşy zorlukly hereketlerde azyndan üç adam öldi. Içeri işler ministrligi anna güni iki protestçiniň çarşenbe güni tüpeňlenmek netijesinde ölendigini tassyklady, emma muňa polisiýanyň dahylynyň bolmandygyny aýtdy. Ol adamlaryň biriniň arkasyndan tüpeňlenip öldürilendigi, beýlekisiniň bolsa aw okundan ölendigi aýdyldy.

Üçünji adamyň jesedi, görnüşinden, alnyp gaçylan we näbelli adamlar tarapyndan öldürilen ýerinden tapyldy.

Oppozisiýa aktiwistleri indi soňky wakalarda bäş adamyň öldürilendigini aýdýarlar, şol sanda olaryň dördüsiniň tüpeňlenendigi, emma munuň tassyklanyp bilinmeýändigi aýdylýar.
XS
SM
MD
LG