Sepleriň elýeterliligi

Gurluşyklar we gonamçylyklar


Aşgabadyň golaýyndaky gonamçylyk

Aşgabadyň golaýyndaky gonamçylyk

Paýtagt Aşgabatda gurulýan täze binalaryň, köşkleriň, giňeldilýän ýollaryň şäheriň içindäki we gyrak-bujagyndaky gonamçylyklara hem howp salýandygy aýdylýar.

Mälim bolşy ýaly, ozal bir zaman şäheriň ýa obanyň esli daşlygynda ýerleşen gonamçylyklar, ilat sanynyň köpelmegi, täze jaýlaryň gurulmagy bilen, kähalatda şäheriň ortasynda hem galýar.

Mysal üçin, Aşgabatda Çopan ata, Didar baba gonamçylyklary şeýle ýagdaýa düşdi. Mundan başga, Köşiniň baýryndaky gonamçylykda, Ymam Kasym gonamçylygynda hem adam jaýlamaly däl edildi. Şeýle ýagdaýyň ýurduň beýleki ýerlerinde, welaýatlarda hem bolmagy mümkin.

Umuman, soňky ýyllarda häkimiýetleriň alyp barýan gurluşyk syýasaty gonamçylyklara nähili täsir ýetirýär we bu ýagdaýa ilat nähili garaýar?

Galyberse, başga ýurtlarda şäherleriň ulalmagy we köne gonamçylyklar meselesi nähili çözülýär?

Türkmenistanda bu meselede näme edilmeli, nähili pikir-ýörelgeden we däp-dussurdan ugur alynmaly?

Azatlyk Radiosy bu mesele barada öz hormatly diňleýjileriniň we okyjylarynyň gymmatly pikirlerini bilmek isleýär.

Nobatdaky «Tegelek stol» söhbetdeşligimize goşulmaga, pikir-garaýyşlaryňyz bilen ýakyndan gatnaşmaga çagyrýarys.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG