Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran: Atom agentligi goşmaça pul soraýar


BMG-niň Atom energiýasy boýunça halkara agentligi Eýranda giňişleýin barlaglary geçirmek üçin maliýe serişdeleri artdyrmagy sorady. Atom energiýasy boýunça halkara agentligine Tähranyň ýadro programmasy boýunça alty aýlyk şertleri ýerine ýetirişine gözegçilik etmäge ygtyýarlyk berildi.

Wagtlaýyn ylalaşyk Eýranyň urany baýlaşdyrmak işinden el çekmegi üçin ýurda garşy bar bolan käbir sanksiýalaryň gowşadylmagyny göz öňünde tutýar.

Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň baş sekretary Ýukiýa Amano agentligiň ýolbaşçylarynyň anna güni Wenada geçirilen duşuşygynda çykyş edip, agentligiň işi üçin 5.5 million ýewro möçberde goşmaça serişdeleriň gerek boljakdygyny aýtdy. Amano Eýran bilen gelnen ylalaşygyň bu ýurduň ýadro programmasy boýunça dawany çözmek ugrunda “öňe tarap möhüm ädimdigini” belledi, şol bir wagtda-da ýene “uzak ýolunyň ýöremelidigini” aýtdy.

Duşenbe güni güýje giren ýadro ylalaşygyna Eýranyň we BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň hemişelik agzalarynyň hem Germaniýanyň arasynda geçen ýylyň dekabr aýynda gelinipdi.
XS
SM
MD
LG