Sepleriň elýeterliligi

Aşgabat: Telekeçilere karz berilýär


Türkmenistanyň Durnuklaşdyryş gaznasyndan kiçi we orta telekeçiligi maliýe taýdan goldamak üçin 100 million dollardan gowrak serişde goýberilýär.

Prezident G.Berdimuhamedow bu baradaky karara anna güni geçiren hökümet maslahatynda gol çekdi.

Kararda aýdylmagyna görä, Durnuklaşdyryş gaznasyndan Türkmenistanyň Döwlet ösüş bankyna geçirilýän 300 million manat «Rysgal» paýdarlar täjirçilik bankyna göterimsiz, on ýyl möhlet bilen karz berler.

«Rysgal» paýdarlar täjirçilik bankyna, Türkmenistanyň Senagatçylyr we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna maldarçylygy, guşçulygy ösdürmek, azyk we senagat önümlerini öndürmek we gaýtadan işlemek baradaky taslamalary maliýeleşdirmek üçin, bu serişdäni ýylda bir göterimden ýokary bolmadyk şertde karz bermäge ygtyýar berilýär.
XS
SM
MD
LG