Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Karzaý şertnama gol çekmejegini aýdýar


Owgan prezidenti Hamid Karzaý özüniň Birleşen Ştatlar bilen baglaşylmaly howpsuzlyk şertnamasyna Waşington «Talyban» pitneçileri bilen hakyky parahatçylyk prosesine başlamazyndan öň gol çekmejegini aýtdy.

Karzaý Ikitaraplaýyn howpsuzlyk şertnamasyna gol çekmekden gaýta-gaýta ýüz öwürdi. Bu şertnama Birleşen Ştatlaryň goşunlarynyň bir böleginiň NATO güýçleri ýurtdan çykandan soň hem Owganystanda galyp, owgan esgerlerine tälim bermegine ygtyýar bermeli.

Karzaý şenbe güni žurnalistlere bu şertnama basyş astynda gol çekmejegini aýtdy. Ol eger Amerika biz bilen ýaran bolup galmak islese, biz bilen ýaran ýaly bolup işlemeli, garşydaş ýaly bolmaly däl diýdi.

Birleşen Ştatlar bu şertnamanyň çaltrak baglaşylmalydygyny, şonda NATO-nyň ýurtdan goşun çykarmagy planlaşdyryp biljegini aýdýar.
XS
SM
MD
LG