Sepleriň elýeterliligi

Moskwa: Lebedew türmeden çykdy


Platon Lebedew türmeden boşadylanyndan soň Moskwa gaýdyp geldi.

Orsýetiň nebit tütjary Mihail Hodarkowskiniň iş partnery anna güni agşam Orsýetiň demirgazyk-günbataryndaky Arhangelsk türmesinden boşadyldy. Sud onuň tussag möhletini azaltmak barada karar çykardy.

Lebedeow on ýyl gowrak türmede oturdy. Onuň aklawçysy Wladimir Krasnow şenbe güni öz müşderisiniň Orsýetde galmagy planlaşdyrýandygyny ýa ýurdy terk etmekçi bolýandygyny aýdyp bilmedi.

Lebedew Hodorkowskiniň birden, prezident W.Putiniň günä geçmesi esasynda azat edilmeginden bir aý soň boşadyldy.

Lebedew bilen Hodorkowskiý 2003-nji ýylda, salgyt tölemekden gaçmakda aýyplanyp tussag edildi.

Emma bu Hodorkowskiniň Putiniň häkimiýetine wehim salandygy üçin görlen ar alyş çäresi hökmünde görüldi. Hodorkowskiý boşadylan badyna Germaniýa gitdi.
XS
SM
MD
LG