Sepleriň elýeterliligi

Türkmen önümleriniň bazary öwreniler


Türkmen önümleri

Türkmen önümleri

Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow anna güni geçiren hökümet maslahatynda ýurduň ykdysadyýetini dürlüleşdirmek, daşary ýurtlara iberilýän harytlaryň möçberini artdyrmak baradaky meseläni gozgap, türkmen önümleriniň bazar mümkinçiliklerini öwrenýän ýörite bir institut döretmegiň maksada laýyk boljakdygyny aýtdy.

«Biz ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek barada köp aýdýarys, emma muňa garamazdan, bu ugurdaky işler entek talaba laýyk we çalt depginler bilen alnyp barylmaýar» diýip, perzident Berdimuhamedow belledi.

Döwlet baştutanynyň sözlerine görä, Türkmenistanda «bilelikdäki kärhanalary döretmek baradaky taslamalar hem az».

Ol «özümizde öndürilip, daşary ýurtlara iberilýän harytlaryň möçberlerini we görnüşlerini giňeltmek boýunça hem entek anyk maksatnamanyň ýokdugyny» belledi.

Türkmen lideriniň tabşyrygy boýunça, ýurduň Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasarlary basym bilelikde işläp, daşary ýurtlara iberilýän önümleriň möçberlerini artdyrmak boýunça uzak möhlete niýetlenen maksatnamany taýýarlamaly bolar.

«Biz ýurdumyzda öndürilýän harytlary nähili ugurlar boýunça we haýsy döwletlere ibersek gowy boljagyny hem anyk bilmelidiris» diýip, perzident nygtady.

Türkmen prezidentiniň aýtmagyna görä, «şu ýörelgelerden ugur alyp, ilkinji nobatda ykdysadyýetiň haýsy pudaklaryny ösdürmegiň has maksada laýyk boljagy kesgitlenmeli we şol esasda maýa goýumlarynyň esasy böleginiň haýsy pudaklara gönükdirilmelidigi belli edilmeli».

Hökümet maslahatynda prezidentiň öz orunbasarlaryna beren tabşyrygyna görä, Türkmenistanda öndürilýän önümleri ýerlemegiň bazarlaryny öwrenýän ýörite bir institut döretmek meselesi hem içgin öwrenilmeli edildi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG