Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ: Dükanda üç adam öldi


Birleşen Ştatlarda bir söwda merkezinde bolan atyşykda üç adamyň ölendigi aýdylýar. Metbugatda bir tüpeňli adamyň şenbe güni Baltimor şäheriniň ýanyndaky bir söwda merkezine girip, bir dükanyň iki işgärini atyp öldürendigi habar berilýär.

Dükanyň işgärleri dowla düşüp, bukulmaga ýer gözläp başlanlarynda, tüpeňli adam özüni atýar. Polisiýa bir aýaly we bir erkegi öldüren adamyň şahsyýetini anyklamaga we onuň bu işi näme sebäpden edendigini bilmäge synanýar.

Wepat bolan dükan işgärleriniň ikisem 20 ýaşynda eken.

Soňky günler Amerikada şunuň ýaly ýagdaýda başga-da birnäçe adam öldürildi. Anna güni Günorta Karolinanyň Döwlet uniwersitetinde bir student atylyp öldürildi. Sişenbe güni bolsa, Indianadaky Purdýu uniwersitetinde bir mugallymyň kömekçisi atylyp öldürildi.
XS
SM
MD
LG