Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Müsürde 49 adam öldürildi


Müsüriň Saglyk ministrligi şenbe güni, ýurtda öňki prezident Hosni Mubaragiň agdarylmagynyň üç ýyllygy bellenende azyndan 49 adamyň öldürilendigini aýtdy.

Saglyk ministrliginiň ýekşenbe güni çap eden beýanatynda polisiýa bilen çaknyşyklarda ölen adamlaryň sany öňki berlen habarda aýdylanyndan iki esse köpeldildi.

Saglyk ministrligi 247 adamyň ýaradar bolandygyny hem habar berdi. Içeri işler ministrliginiň ýekşenbe güni ýaýradan beýanatynda demonstrasiýalar mahalynda 1079 adamyň tussag edilendigi aýdylýar.

Şenbe güni müňlerçe adam demonstrasiýa çykdy. Olaryň bir topary häzirki harby goldawly hökümeti goldasa, beýlekileri tussaglykda saklanýan öňki prezident Muhammad Morsiniň tarapyny tutýardy.
XS
SM
MD
LG